20-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, Aşgabat ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy meýilleşdirýär, Türkmenistan Elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrýar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyna aýratyn üns çekildi. Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowyň hasabat berşi ýaly, Onuň çäklerinde giň gerimli infrastruktura taslamalary göz öňünde tutuldy. Hususan-da,strategik häsiýete eýe bolan TOPH gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşyklaryny dowam etmek bellenilýär.

Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpri ýaly iri taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji akylly şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdiriler.

2024-nji ýylda Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe çäreleri geçirer. Şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplygyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen,Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde howpsuzlygy pugtalandyrmakda we ynamy berkitmekde bitarap ýurtlaryň orny atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Mart aýynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, ÝHHG-niň Baş sekretarynyň, aprel aýynda bolsa ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň wise-prezidentiniň we bu Assambleýanyň Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça komitetiniň başlygynyň TTürkmenistana sapar bilen gelmegine garaşylýar.

Türkmenistanda ýurduň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy belleniler.Şekillendiriş sungatynyň meşhur ussadynyň ýubileýi mynasybetli onuň döredijiligine bagyşlanan sergini guramak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, medeniýet ulgamynyň professory Aýhan Hajyýew Magtymgulynyň kanoniki keşbini dörediji hökmünde tanalýar.

Türkmenistan Hökümetiniň mejlisinde sanly ykdysadyýetiň we milli elektron kommunikasiýaulgamlarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryMämmethan Çakýewiň hasabatynda bellenilişi ýaly,ýurtda öňdebaryjy IT tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar we sanly hyzmatlaryň sanawy gerimi giňeldilýär. Dünýä tejribesinde üstünlikli ulanylýan Elektron hökümet ulgamynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek üçin ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda Karara gol çekdi. Resminama ýurduň kiberhowpsuzlygyny berkitmek, maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakugrunda alnyp barylýan işler bilen baglylykda kabul edildi.

Dünýäde

Dünýä gözeli 2024 gözellik bäsleşigi fewral we mart aýlarynda Hindistanda geçiriler. Çäräni Nýu-Deli we Mumbaý şäherleri kabul eder. Açylyş dabarasy 20-nji fewralda, final we ýeňijileri yglan etmek çäresi bolsa 9-njy martda geçiriler. Bäsleşige milli gözellik bäsleşiklerinde ýeňiji bolan 120 ýurtdan gyzlar gatnaşar. Olardan 20-si finala çykar.

21-nji asyryň ahyrynda ABŞ-da müňlerçe boşap galan şäher peýda bolup biler diýip, amerikaly alymlar çaklaýarlar.Olaryň pikiriçe, munuň sebäbi häzirki megapolisleriň ilatynyň sanynyň 12-23-e çenli azalmagy bolar.

Alymlar asyryň ahyrynda dünýäde howanyň düýpli üýtgeşmelere sezewar boljakdygyny, onuň agyz suwunyň ýetmezçiligi we ulag krizisi bilen hasam kynlaşjakdygyny belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, uly şäherleriň köpüsi ilatyň köpelmegi bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Netijede,megapolisler bölünip başlar we ilatynyň sany ep-esli azalar.Azyk dükanlary ýapylar, elektrik üpjünçiligi we sosial infrastruktura ýaramazlaşar.

Sport habarlary

Söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady, üç gezek dünýä kubogynyň eýesi, Aziýanyň çempiony we pankration boýunça dünýä çempiony, türkmen söweşijisi Abdulla Babaýew Fight Nights Global promuter kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.

Abdulla Babaýew Gala Sports Management sport guramasynyň wekili.Fight Nights Global ýaryşynyň çäklerinde türkmen türgeniniň ilkinji söweşi 23-nji fewralda Moskwada geçiriler.Onuň garşydaşy heniz mälim edilmedi, ýöne ýakyn wagtda yglan ediler.

24 ýaşly küştçi, türkmenistanly halkara derejeli ussatSaparmyrat Atabaýew Türkiýede geçirilen abraýly Ak pil ýaryşynda ýeňiji boldy. Bäsleşige 27 küştçi gatnaşdy. Ýaryş Şweýsariýa ulgamyna laýyklykda, 7 tapgyrda geçirildi. Atabaýew 6,5 utuk toplap, 6 ýeňiş we 1 deňlik gazandy. Bu görkezijileri boýunça oňa iň ýakyn küştçi, türkiýeli ussat Tarhan Adardan öňe geçmek üçin ýeterlikdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndaTürkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň klublarynyň ýolbaşçylarynyň we tälimçileriniň gatnaşmagynda futzala bagyşlanan möwsümden öňki ýygnak geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy meseleleri çempionatyň indiki möwsüminiň tertibi we senenamasy, şeýle hem futzal boýunça Türkmenistanyň kubogy boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ýetip gelýän oýunlar barada pikir alyşdylar we guramaçylyk meseleleri barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

19-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
AFK-nyň Çempionlar ligasy: Ahal bije çekişlige üçünji sebetden gatnaşar
Bolliwud täze filmlerini kinoteatrlara goýberýär
Meşhur hindi aktýory Taýger Şroff özüniň türkmen kökleri barada gürrüň berdi