Oktýabrda 3 müňden gowrak türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi

Oktýabrda 3 müňden gowrak türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi

Geçen aýda Azerbaýjana syýahat eden türkmenistanly jahankeşdeleriň sany 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 31 göterim ýokarlandy. Bu barada Azerbaýjanyň Statistika agentligine salgylanyp, Trend ýazýar.

Çeşmäniň bellemegine görä, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda 3 müň 163 sany Türkmenistanyň raýaty Azerbaýjana syýahat edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 31 göterim köpdür.

Şeýle-de hasabat döwründe Azerbaýjana Merkezi Aziýa ýurtlaryndan baran syýahatçylaryň sany hem 31 göterim artyp, 16 müň 503-e deň bolupdyr.

Ýeri gelende bellesek, ýylyň başyndan bäri, Azerbaýjana syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 27,2 müňe barabar boldy. Bu bolsa geçen ýylyň 10 aýyndakydan ep-esli ýokarydyr.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň jahankeşdelik pudagy ösüş görkezdi
Özbegistan 1,1 müň tonnadan gowrak ýer hozuny türkmen bazaryna eksport etdi
Azerbaýjan Özbegistandan sowadyjylary import edýän ýurtlaryň başyny çekdi
Ilatyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezliginiň arasynda jaýlaryň diwarlarynda gara heň döreýär
Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
Türkmen hökümeti etnik azlyklaryň ençemesiniň bardygyny san taýdan tassyklaýar, emma olara ene dilinde okamaga şert döretmeýär - synçy