Okuw tejribe maslahat

Balkan welaýatynda medeniýet hepdeliginiň çäginde Balkan welaýat kitaphanasynda “Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmekde ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işiniň esasy ugurlary” atly okuw tejribe maslahaty geçirildi.

Bu maslahatyň dowamynda hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamy hem kitaphanaçylyk işini has-da kämilleşdirmek hakynda şeýle hem ylym ojagy hasaplanýan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hereket edýän bitewi elektron kitaphana ulgamynyň üsti bilen çalt gözleg etmäge, diňe bir kitabyň asyl nusgasyny däl, eýsem onuň elektron görnüşini hem okamaga mümkinçilik döredilen. Şeýle-de Bitewi elektron kitaphana ulgamy kitaphana işini talabalaýyk alyp barmaga, okyjylaryň isleg bildirýän neşirlerinden bökdençsiz peýdalanmaklaryna ýardam berýär.

Bu ýerde gelip gowuşýan neşir önümleriniň ähli görnüşleri, ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallardaky ylmy makalalar elektron kataloga salynýar.Munuň özi okyjylara gerek bolan maglumatlary peýdalanmakda giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle-de kitaphanalara sanly ulgamyň döredilmegi, esasan-da, ösüp gelýän ýaş nesliň ylym-bilime bolan höwesiniň artmagyna, dünýägaraýşynyň giňelmegine uly itergi berýändigi hakynda okuw tejribe maslahatynda giňişleýin beýan edildi.

Ata Watanymyzda medeniýetimiziň sungatymyzyň pajarlap ösmegi ugrunda uly şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ýene degişli makalalar

Kalplary ýakynlaşdyran medeni baýramçylyk
Kitaplar bilimiň çeşmesidir
Çagalary kitap okamaklyga çekmek
Dünýäň syry kitap bilen açylýar
ÝOKARY BILIM ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYK HAS-DA ÖSDÜRILÝÄR
Ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär