Dünýäň syry kitap bilen açylýar

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Dünýäň syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.Söhbetdeşlikde halkymyzda ylmyň-bilimiň özeni, gözbaşy hasaplanýan kitaba aýratyn sarpa goýulýar.Ol tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji-hazynasydyr.

Körpeje nesillere kitaby okamaga höwes döretmek, olaryň bilimli, kämil şahsyýetler bolmagy üçin giň mümkinçilikler bar.Körpelerde gowy gylyk häsiýetleriň kemala gelmeginde kitaplaryň, oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Çagalar kiçiliginden erteki diňlemäge höwesli bolýarlar.

Ata eneler, terbiýeçiler çaganyň bu islegini nazarda tutup, oňa terbiýe, öwüt ündew beriji ertekileri okap bermelidirler.Olar entek köp zada düşünmese-de, ertekide beýan edilýän wakalary ýadynda saklaýarlar. Çagalar üçin kitap saýlanyp alnanda, olaryň suratlar bilen bezelişiniň aýratyn ähmiýeti bar, sebäbi çaga eline kitap alanda, ilki bilen, onuň içindäki suratlara seredýär. Şol şekiller çaganyň ünsüni özüne çekýär we kitaby okamaga bolan gyzyklanmasy, höwesi artýar.

Esasan-da, bilimi, edep-terbiýesi ýokarlanýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphananyň internet otagynda çagalaryň özlerine degişli bolan “Ekitap” programasyndan gyzykly türkmen halk ertekileriniň birnäçesiniň audio ýazgysyny diňlediler.

Bu bolsa çagalarda has hem kitap okamaga bolan islegine uly ähmiýet berdi.Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Päk ahlakly ýaş nesiller ýetişýär
Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy
Aşgabatdaky Eleven restorany paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny agşamlygy täsirli geçirmäge çagyrýar
Aşgabat Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gaz ibermegi 'wagtlaýyn' bes etdi. Näme üçin?
Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Körpeje gaz çykaryş müdirliginde 3 milliard kub metre golaý gaz çykaryldy