Okuwçylar üçin ýerli ýantorbalar

Ýurdumyzyň bazarlarynda mekdep okuwçylary üçin hödürlenilýän harytlary öndürmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Aýhan Rejepowanyň uly goşandy bar. Mary şäherinde ýerleşýän kärhana “Gerçek” haryt nyşany bilen aýakgaplaryň, mekdep okuwçylary üçin ýantorbalaryň önümçiligi alnyp barylýar.

Mekdep okuwçylary üçin ýantorbalaryň günde müňlerçesi tikilip, ýurdumyzyň bazarlarynda elýeterli bahadan halka hödürlenilýär.Dürli ýaşdaky mekdep okuwçylaryna, oglanlara we gyzlara niýetlenip tikilýän ýantorbalar milli öwüşginde, döwrebap bezegler bilen bezelýär.

Türkiýäniň we Hytaýyň enjamlary bilen üpjün edilen kärhanada aýakgaplar emeli deriden taýýarlanyp, olaryň hili dünýä ülňülerine laýyk gelýär. 2015-nji ýyldan bäri öndürilýän aýakgaplar dürli ýaşdaky müşderiler üçin niýetlenip, uly islegden peýdalanýar.

“Gerçek” aýakgaplarynyň dürli maksatlara, ýylyň ähli möwsümine niýetlenen görnüşi bolup, olaryň arasynda iş, öý hojalyk aýakgaplary, dynç alyş üçin çepekler, sport aýakgaplary bar. Göze gelüwli we rahat aýakgaplar ýurdumyzyň künjeklerindäki söwda nokatlarynda müşderilere amatly bahadan hödürlenýär. Şeýle hem bu önümler goňşy ýurtlara eksport edilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Azerbaýjan, Ermenistanda Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Baýdaklarynyň Ýakylmagyny Ýazgardy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde göçme sergisi
Baýramçylyk göçme sergisi
Beýik akyldara bagyşlanan nusgalyk eserler
Azerbaýjan Fransiýanyň Prezidentine reaksiýa bildirdi