"Olary diri görkeziň!": Batyr Berdiýew, doglan günüňiz gutly bolsun!

"Olary diri görkeziň!": Batyr Berdiýew, doglan günüňiz gutly bolsun!

Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri we ÝHHG-däki ilçisi Batyr Berdiýew türkmen türkmenlerinde dereksiz ýiten ady belli şahsyýetleriň biri. 2003-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen ýapyk suddan soň onuň ykbaly nämälim galýar.

3-nji oktýabrda Batyr Berdiýewiň 58 ýaşy dolýar. ​Şu gün Batyr Berdiýewiň hossarlary ony ýatlaýar we maşgalasyna raýdaşlyk bildirýär. Batyr Berdiýewiň türmede ýazan goşgularyny iňlis diline terjime eden britaniýaly şahyr we terjimeçi Jeýms Womak Azatlyk Radiosynyň üsti bilen wideo şekilli çykyş etdi.

Batyr Berdiýewiň tussaglykda öz aýalyna we ogluna ýazan goşgularyny "Olary diri görkeziň!" atly kampaniýasy ýaňy-ýakynda rus we iňlis dillerinde çap etdi.

Türkmenistanyň türmelerinde zor bilen ýitirim edilenler barada maglumat ýygnaýan "Olary diri görkeziň!" atly kampaniýanyň maglumatyna görä, Batyr Berdiýew 2002-nji ýylyň 7-nji dekabrynda tussag edildi. Yzýany 18-nji dekabrda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi onuň özüni günäläp eden çykyşyny görkezdi. Türkmen häkimiýetleri Berdiýewi prezident Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşykda aýyplady.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Batyr Berdiýewiň gynamalara sezewar edilendigini aýdýarlar.

Batyr Berdiýewe 2003-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda ýapyk sud arkaly 25 ýyllyk iş kesildi.

Suddan soňky ykbaly barada örän ujypsyz maglumat berilýär. "Memorial" guramasy, öz çeşmelerine salgylanyp, käbir tussaglaryň iň soňky gezek Batyr Berdiýewiň sesini 2005-nji ýylyň maý ýa-da iýun aýynda eşidendigini habar beripdi.

Batyr Berdiýewiň ykbaly barada, hatda onuň diridigi ýa däldigi barada maglumatlar ne onuň maşgalasyna, ne-de garaşsyz guramalara, şol sanda "Gyzyl haç we ýarym aý" guramasyna elýeterli.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Batyr Berdiýewiň ykbalyna degişli ýagdaýy 2007-nji ýylda agzady.Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Nýu Ýorkda Kolumbiýa uniwersitetinde eden çykyşynda günbatar žurnalistiniň öňki daşary işler ministrleri Boris Şyhmyradowyň we Batyr Berdiýewiň ykbaly barada beren sowalyna: “Men entek ýaş prezident, meniň işim ýurtda ykdysadyýeti gowulandyrmak ony galkyndyrmak, emma men olaryň diridigine ynanýaryn” diýip, jogap beripdi.

Emma şondan bäri geçen 11 ýyl bu meselä aýdyňlyk getirmedi.

Adam hukuklaryny goraýjy "Crude Accountability" guramasy zor bilen ýitirim edilmeleriň Türkmenistandaky iň agyr problemalaryň biridigini belledi.Gurama "Olary diri görkeziň!" kampaniýasy boýunça öz egindeşleri bilen bilelikde ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň prezidentiniň Nýu-Ýorka saparynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş sekretaryna açyk hat bilen ýüzlendi we Antoniu Guterrişi Berdimuhamedow bilen duşuşygynda adam hukuklary barada göni sowal bermäge we onuň türmelerde adamlary zor bilen ýitirim etmekden el çekmegini gazanmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtdaky zor bilen ýitirim edilmeler problemasyny boýun almaýar. Türkmenistanyň adam hukuklaryny berjaý edişi boýunça hasabaty bilen 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Ženewada BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşinde çykyş eden türkmen resmisi Wepa Hajyýew "häzirki pursatda gynamalary, zor bilen ýitirm edilmeleri we eden-etdilikli tutha-tutluklary subut ediji çynlakaý habar bolmady" diýdi.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýiten hasaplanylýan, ýagny tussag edilmeginden soňky ykbaly doly nämälim galýan adamlaryň halkara guramalary tarapyndan ýöredilýän sanawy gitdigiçe giňelýär. "Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasynyň 12-nji sentýabrda köpçülige hödürlän täzelenen hasabatyna ýene 9 adam goşuldy we jemi 121 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Germaniýa energetika pudagynda hyzmatdaşlygy teklipetdi, Sankt-Peterburgda türkmen esgerleri hatyralandy, Aşgabatda Molýeriň pýesasyna esaslanan spektaklyň ilkinji görkezilişi bolar we beýleki habarlar
Adam hukuklaryny goraýan 30-dan gowrak gurama türkmen aktiwistlerine basyşyny bes etmegini Türkiýäniň häkimiýetlerinden talap edýärler
2021: Geçen ýylyň türkmen wakalaryna syn
Şäherler bilen atdaş tagamlar
Hakan Fidan Mariýa Angela Olgin Kuelýary kabul etdi
Gazada Müňlerçe Çaga Öldi
Guterriş Hüjümleriň Dessine Bes Edilmegine Çagyrýar