Türkmenistan Germaniýa energetika pudagynda hyzmatdaşlygy teklipetdi, Sankt-Peterburgda türkmen esgerleri hatyralandy, Aşgabatda Molýeriň pýesasyna esaslanan spektaklyň ilkinji görkezilişi bolar we beýleki habarlar

Türkmenistan Germaniýa energetika pudagynda hyzmatdaşlygy teklipetdi, Sankt-Peterburgda türkmen esgerleri hatyralandy, Aşgabatda Molýeriň pýesasyna esaslanan spektaklyň ilkinji görkezilişi bolar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow germaniýaly işewürlere energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi.Ol Berlinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygynda şeýle teklip bilen çykyş etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň elektrik stansiýalarynyň gurluşygy we döwrebaplaşdyrylmagy, elektrik geçiriji ulgamlaryň ösdürilmegi we energetika pudagyndaky beýleki taslamalar bilen gyzyklanýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol ýurduň gün we ýel energiýasy ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge uly üns berýändigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň kompaniýalarynyň toplan bilimleriniň hem-de iň gowy iş tejribeleriniň Türkmenistanda uly islege eýedigine ynanýandygyny belledi.

2.Leningradyň Goranyş we gabaw Döwlet hatyra muzeýinde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan türkmen esgerleriniň hatyrasyna bagyşlanan Türkmenler Leningradyň goragynda atly medeni-bilim çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Leningrady we Beýik Watançylyk urşunyň beýleki frontlaryny goramaga gatnaşan türkmen esgerleriniň görkezen gahrymançylyklary barada çykyşlar edildi. Şeýle hem Russiýanyň Milli kitaphanasynyň gaznasynda saklanýan uruş döwrüne degişli wagyz-nesihat plakatlary, Pawel we Galina Baryşnikowlaryň Türkmenistan SSR-ine göçürilen leningradly çagalara bagyşlanan Uçýan guşuň kölegesinde atly kitaby görkezildi.

3. Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda fransuz dramaturgy Žan-Batist Molýeriň Skapeniň hileleri atly pýesasy esasynda goýlan Haltada husyt atly komediýanyň ilkinji görkezilişi bolar.Merdan Handurdyýewiň sahnalaşdyran spektakly özüne çekiji we gyzykly boljakdygyny wada berýär.

Skapeniň hileleri pýesasy Molýer tarapyndan 1670-nji ýylda ýazyldy.Ol ilkinji gezek 1671-nji ýylyň 24-nji maýynda Pariždäki Pale- Roýal teatrynda sahnalaşdyryldy. 4. 4-nji noýabrda Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynda suratkeş Dariý Asadullaýewiň Çal Hazar deňziniň kenarynda atly sergisi açylar.

Türkmen kompozitory Nury Halmamedowyň Keçpelek eserinden ruhlanylyp döredilen grafiki eserleriň toplumy suratkeşiň Çelekende geçiren çagalyk ýatlamalaryna esaslanýar.Sergi Dutaryň sesleri atly VII Moskwa halkara sungat festiwalynyň çäginde guralar.

Suratkeş we dizaýner Dariý Asadullaýew 1979- njy ýylda Türkmenistanda, Hazaryň kenaryndaky Çeleken şäherçesinde dünýä indi. 1999-njy ýylda Aşgabadyň çeperçilik mekdebini, ugry boýunça suratkeş- bezegçi Waleriý Kurbanowyň kursyny tamamlady.

Onuň eserleri Russiýada, Beýik Britaniýada, Hindistanda, Ysraýylda, Italiýada we ABŞ-da hususy ýygyndylarda saklanýar.

5. Kazanyň Milli gözleg tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyga Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew gatnaşdy. Uniwersitetiň mejlisler zalynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäresinde bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary medeni çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem okuwda, sportda we beýleki çärelerde üstünlik gazanan türkmen talyplaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Häzirki wagtda uniwersitetde 1200 töweregi türkmen talybynyň okaýandygy bellenildi.

6.Golaý daşary ýurtlardaky TASS-yň redaksiýalarynyň başlygy Georgiý Kazaçkow Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýändiklerini beýan etdi.Ol Aşgabatda ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan halkara mediaforuma gatnaşdy.

Kazaçkow foruma çagyrylandygyna şatdygyny we üç gün Türkmenistanda bolup, birnäçe çärelere, şol sanda dabaraly harby ýörişe gatnaşandygyny aýtdy.Ol forumyň guramaçylygyna we türkmen häkimiýetleri tarapyndan mähirli garşylanmagyna ýokary baha berdi.

TASS bir ýyldan gowrak mundan ozal Türkmenistanda gaýtadan wekilhanasyny açdy.Kazaçkow bu agentligiň ýurtdaky syýasat, ykdysadyýet, medeniýet we sport ýaly dürli ulgamlarda bolup geçýän wakalary habar berýändigini aýtdy.

Ol TASS bilen türkmen habar beriş serişdeleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Dünýäde

7.Britaniýada, Nortumberlend milli seýilgähinde Robin Guduň agajy hökmünde meşhur bolan daragty çapdylar.Bu agaç Robin Gud: ogrularyň şazadasy atly başdangeçirmeler filminde görkezilenden soňra bütin dünýäde meşhurlyk gazandy.

Rowaýata görä, dünýä belli ady rowaýata öwrülen talaňçysynyň gizlenen agajy Şerwud tokaýynda ýerleşipdir we bu dub agajy bolupdyr, ýöne filmi surata düşürmek üçin Angliýanyň demirgazygynda ösýän çynar agajy ulanyldy. 2016-njy ýylda ol Ýylyň daragty diýen ada mynasyp boldy.

Nortumberland graflygynyň polisiýasy 16 ýaşly oglany huligançylyk niýeti bilen meşhur agajy kesmekde aýyplaýar.

8. 2024-nji ýylda Hytaý toprak ýygnamak üçin Aýyň ters ýüzüne Chanýe-6 zondyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu Ýeriň tebigy hemrasyny öwrenmegiň taryhynda ilkinji şeýle häsiýetli taslamadyr. Günorta polýus Eýtken basseýnindäki meýdan deslapky gonuş meýdançasy hökmünde saýlandy. Aýyň nters ýüzünden toprak ýygnamak ilkinji gezek amala aşyrylar beýleki nusgalaryň hemmesi görünýän ýüzünden alyndy.

9. ABŞ-nyň iň iri megapolisiniň birnäçe köçesini güýçli ýagyş sebäpli suw basdy. Ştatyň gubernatory Keti Hokul adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Sinoptikler Nýu-Ýorka soňky 140 ýylda iň köp ýagyş ýagandygyny habar berdiler. Nýu- Ýork metrosynyň birnäçe şahamçasy hereketini togtatmaga mejbur boldy, şeýle-de LaGuardiýa howa menzilinde hem kynçylyklar ýüze çykdy.

Sport habarlary

10.Türkmenistanly boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow Hançžou şäherinde geçirilýän Tomusky Aziýa oýunlarynda çärýek finala çykdy. 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 21 ýaşly talyby ilkinji tutluşygynda täjigistanly Dawud Mahkamowy 5:0 hasabynda ýeňdi.

Ikinji tutluşykda bolsa ol Palestinanyň wekilini ýeňdi. Çärýek finalda Nurmuhammedow mundan ozalky iki tutluşygynda iki ýeňiş gazanan mongoliýaly boksçy bilen duşuşar.

11.Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň yza süýşürilen oýnunda Nebitçi Aşgabadyň Köpetdagyny 2:1 hasabynda ýeňdi.Duşuşyk Balkanabatdaky Sport toplumy stadionynda geçirildi.Hasaby 3-nji minutda Azizbek Begjanow açdy. 51-nji minutda bolsa Magtymberdi Berenow hasaby deňledi.

Duşuşygyň ahyrynda Döwran Berdiýewiň goly Nebitçä ýeňiş getirdi.Bu ýeňişden soň, Balkanabadyň topary 28 utuk toplap, Ýokary ligada üçünji orunda barýar.Köpetdag toplan 17 utugy bilen bäşinji ýerde galmagyny dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

SURATKEŞIŇ GRAFIKI ESERLERI MOSKWADA GÖRKEZILER
Türkmenistanyň Prezidenti Çalsana, bagşy! bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady
Ussat artist Baba Annanowyň doglan gününiň 90 ýyllygy
Leningradyň goranyş we gabaw muzeýinde türkmenleriň şäheri nädip gorandygy gürrüň berler
Durna tansy
Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenler Leningradyň goragynda atly çäre geçirildi