Olimpiýa güni 2021

Olimpiýa güni 2021

Her ýyl adaty bolşy ýaly dünýäde we Türkmenistanda 23-nji iýunda Halkara Olimpiýa Güni bellenilip geçirilýär.Olimiýa Gününiň dünýäde bellenip geçilmegi baradaky pikir ilkinji gezek 1947-nji ýylda döredildi.

Stokgolmda geçirilen Halkara Olimpiýa Komitetiniň 41-nji sessiýasynda Çehoslawakiýanyň HOK-niň agzasy doktor Gruss Halkara Olimpiýa Güniniň dünýäde bellenilmegi barada teklibi bilen çykyş edip, bu günüň esasy maksady - dünýäde olimpizmiň ideýalaryny öňe sürmekden we sporty ösdürmekden ybarat bolup durýar.

Olimpiýa hereketi sport arkaly ýaşlary ruhy taýdan terbiýeläp, parahatçylykly we dostlulky dünýäni emele getrimekde ýardam berýär.

23-nji iýunynda Aşgabat stadionynda Olimpiýa Gününe bagyşlanyp kopçülikleýin ylgaw geçirildi.Bu ylgawa ýeňil atletikanyň jänköýerleri we sport mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.Ylgaw ýaryşynyň ýeňijilerine sertifikatlar we sowgatlar gowşuryldy.

Olimpiýa Güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň maslahatlar zalynda dowam etdirildi.Bu maslahata Türkmenistanyň ähli milli sport federasiýalaryň we merkezleriniň wekilleri, tälimçileri, sport weteranlary we Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Tomas Bahyň Olimpiýa Gününe bagyşlanan wideo arkaly gutlagy görkezildi.Maslahatda Türkmenistanyň ýaş Olimpiýaçylaryna sertifikatlar we sowgatlar dowşuryldy.Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň sportda at gazanan ussatlary Olimpiýa hereketiniň taryhy barada çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

Kristersson Terror Guramalarynyň Maliýe İşlerine Üns Bermändiklerini Boýun Aldy
Nobel baýragyny bir million şwed krony möçberinde köpeltdiler
Nobel baýragynyň möçberi artdyrylar
Stokgolmda iň çuň metrolaryň biri gurulýar
Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagyna garşy çykan pakistanly göz tussaglygyna alyndy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny