
Türkiýä gitmek üçin wiza almaga synanyşýan türkmen raýatlarynyň onlarçasy ýaňy-ýakynda ret edilen wizalary üçin eden tölegini yzyna almagy başarypdyr. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary geçen hepde ýüze çykan bu ýagdaýyň käbir jikme-jiklerini anyklap bildiler.
"Aşgabadyň wiza merkezinde türk wizasyna arza tabşyran raýatlaryň 40 çemesi wizalarynyň ret edileninden soň [Türkiýäniň] ilçihanasynyň öňünde protest bildirdiler. Bu oňyn netije berdi we raýatlar wiza üçin tölän 200 dollar puluny yzyna almagy başardylar" diýip, ýagdaýdan habarly aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Ýagdaýdan gönüden-göni habarly birnäçe çeşmäniň Azatlyga aýtmagyna görä, bu ýagdaý 15-nji aprelde bolupdyr.
"Nowruz haly" binasynda ýerleşýän türk wizasyny taýýarlaýan agentlige ýüz tutan adamlar wizalarynyň ret edilendigini bilip, tölän tölegini yzyna sorapdyr, emma olaryň şikaýaty diňlenmänsoň Türkiýäniň ilçihanasyna barypdyr.
"Olar uly nägilelik bilen baryp, ýakalaşma taýýar bolupdyr. Adamlar ilçihanany daşlamaga-da taýýar bolupdyr. Netijede ilçihananyň işgärleri Nowruz halydaky wiza agentliginden adamlaryň pullaryny gaýdyp alyp berdiler" diýip, çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.
Habarçylarymyz wiza almak üçin tabşyran arzalary ret edilensoň, pulyny alyp bilmedik adamlaryň tas günde agentligiň we ilçihananyň öňünde jemlenýändigini belleýärler.
"Adamlar wiza üçin tabşyran 200 dollar töleginden ýekeje köpügini hem yzyna alyp bilmeýärler. Şol sebäpli tas her gün ilçihananyň öňünde adamlar nägilelik bildirýärler" diýip, habarçymyz belleýär.
Türkmen paýtagtyndaky çeşmeler soňky hepdelerde wizalaryň tas 60% çemesiniň ret edilýändigini, şeýle-de ozal wizalaryň ret edilen halatynda 200 dollarlyk tölegden 80 dollar yzyna gaýtarylan bolsa, bu düzgüniň mart aýynyň ikinji ýarymyndan bäri berjaý edilmeýändigini aýtdylar.
Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyndan we wiza merkezinden resmi teswir almak synanyşygy oňyn netije bermedi.
Türk wizasyna uly isleg saklanýarTürkiýä barmak üçin wiza almaga synanyşýan türkmen raýatlarynyň arzalarynyň ret edilmegi bilen bagly ýagdaýlar öňem bolupdy. Töleg pullarynyň yzyna berilmedik halatlary barada habarçylar ençeme gezek maglumat beripdi.
Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanlylar Türkiýä köplenç işlemek, okamak we saglygyny bejermek üçin barýandygyny gürrüň berdiler.
Martyň aýagynda Aşgabatda türk wizasyna ýüz tutan türkmenistanlylaryň birnäçesi wiza merkezinde özlerinden uly möçberlerde para soralandygyny gürrüň beripdi.
Türkmenistanlylar wiza üçin ýüzlenmeleriň köp ret edilýändigini aýdyp, wiza berilmejek bolsa arzalaryň näme sebäpden kabul edilýändigini nägilelik bilen sorag atyna goýýarlar.
"Adamlara wiza bermejek bolsada resminamany kabul edýärler we puluňy alýarlar. Hamala adamlary resmi görnüşde talan ýaly hereket edýärler" diýip, wiza almaga synanyşýan türkmenistanly aýdýar.
Türkiýe türkmen raýatlarynyň iň köp barýan ýurtlarynyň arasynda galýar. Türkiýäniň 2022-nji ýylda türkmen raýatlary üçin wiza talabyny girizip, migrasiýa talaplaryny pugtalandyran hem bolsa, türkmen raýatlarynyň arasynda bu ýurda barmaga uly isleg saklanýar.
Şeýle-de, türkmenistanlylar Türkiýede ýaşaýyş rugsady bolan daşary ýurtlylaryň arasynda birinji orny eýeleýär. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň 3-nji aprelde çap eden resmi maglumatyna görä, şol senä çenli 121 müň 990 türkmenistanly Türkiýede ýaşamak üçin resmi rugsada eýe bolupdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.