Senagat banky haýyr-sahawat işlerine hemaýat bermek üçin onlaýn hyzmaty hödürledi

Senagat banky haýyr-sahawat işlerine hemaýat bermek üçin onlaýn hyzmaty hödürledi

Türkmenistanyň Senagat paýdarlar täjirçilik banky Senagat töleg mobil goşundysyna raýatlaryň haýyr-sahawatlaryny nagt däl görnüşinde töleg etmekleri üçin täze onlaýn hyzmaty ornaşdyrdy.

Türkmenistanyň raýatlary täze hyzmaty peýdalanmak bilen, sadaka bermek üçin indi adaty bank kartlaryny ulanyp bilerler.

Täze hyzmat Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna has elýeterli we amatly görnüşde haýyr-sahawat goşantlary goşmak isleýänleriň işini ep-esli ýeňilleşdirer.

Tölegler Türkmenistanyň Senagat PT bankyň we beýleki bank kartlaryndan kabul edilýär. Müşderiler täze hyzmaty peýdalanmak bilen jübi telefony arkaly oturan ýerlerinde öz hasaplaryndaky serişdeleri göni gaznanyň hasabyna geçirip bilerler.

Bu hyzmat sanly bank hyzmatlaryny kämilleşdirmekde we haýyr-sahawat işlerini ösdürmekde ähmiýetlidir.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän bu gazna döredilen gününden bäri netijeli işleri alyp barýar. Onuň baş maksady ene-atanyň howandarlygyndan mahrum bolan hem-de aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlar hakyndaky aladadyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda mugallymçylyk ugrundan okamak üçin aşgabatlylara we arkadaglylara stipendiýaly ýer artdyryldy - çeşme
PostShop dükanynyň müşderileri onlaýn we oflaýn görnüşde söwda edip bilerler
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Tölegleri Milli Pul Birliginde Geçirdi
Lebabyň hassahanalaryndaky şertler näsaglary alada goýýar
Wagtlaýyn ýola goýlan goşmaça uçar gatnawlary talyplaryň sebitara hereketini az-kem ýeňletdi
Wagtlaýyn ýola goýlan goşmaça uçar gatnawlary talyplaryň sebitara hereketini az-kem ýeňletdi