Onlaýn söwdada hilegärlik hadysalary rowaç alýar

Onlaýn söwdada hilegärlik hadysalary rowaç alýar

Türkmenistanda harytlaryň onlaýn söwdasynda hilegärlik hadysalary rowaçlanýar. Kezzaplaryň hereketleri Internet bazarlaryna bolan ynamy silterleýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji ýanwarda Balkan welaýatyndan maglumat berdi.

Hususan-da, elektron enjamlarynyň, şaý-sepleriň we öý goşlarynyň onlaýn söwdasynda alyjylar kezzaplaryň toruna düşýär.

“Internet bazarlarynda Balkan welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň salgylaryny ulanyp, dürli görnüşli harytlary hödürleýän, ýöne puluny alandan soňra, harytlary eýelerine gowşurman, ýitirim bolýan hilegärler köpeldi” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Olar türkana adamlaryň sadalygyndan peýdalanýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Onlaýn söwdada mekirligiň toruna düşen bir balkanly ýaşaýjy aldaw ýoly bilen hödürlenýän harytlaryň bahasynyň bazar bahasyndan iki esse çemesi arzan bolmagy bilen tapawutlanýandygyny gürrüň berýär.

Beýleki bir balkanly ýaşaýjy Gyzylarbat etrabynda bir galp salgy ulanylyp Internet bazaryna ýerleşdirilen şaý-sepleriň söwdasynda altynyň gramyna 500 manat soralandygyny gürrüň berýär. Ol bu bahanyň bazar bahasyndan ençeme esse arzan bolandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy on töweregi türkmenbaşyly ýaşaýjy bilen gürrüňdeş bolup, olaryň başdan geçiren onlaýn tejribelerini öwrendi.

Şaýatlaryň sözlerine görä, hilegärler ilki bilen öz harytlaryny köplenç Tmcars.Info söwda saýtyna ýerleşdirýärler. Soňra olar harytlara gyzyklanma bildirýän adamlara IMO messenjeri arkaly harytlaryň goşmaça suratlaryny iberip, arzan bahadan kepillikli eltip bermek hyzmatlarynyň hem bardygyny aýdýarlar.

Hem harytlaryň bahasynyň, hem-de kargonyň töleginiň bazar bahasyndan birnäçe esse pes bolmagy alyjylarda şübhe döredýär. Ýöne hilegärler köp halatda ynama girmegi başarýar.

“Harytlaryň suratlaryny IMO messenjeri arkaly iberdiler. Biz hem suratlardan özümize gerek şaý-sepleri we smatrfonlary saýladyk. Aýdylan pullary satyjylaryň’ salgysyna ugratdyk. Olar pullary alanlaryndan soňra, telefonlaryny hem öçürip, ýitirim boldular. Şeýlelikde, harytlardan-da, pullardan-da derek bolmady” diýip, balkanly alyjy öz tejribeleri barada gürrüň berdi.

Tmcars.Info saýtyndan hem-de IMO reklamalaryndan peýdalanýan kezzaplar onlaýn hödürleýän galp harytlarynyň töleglerini kabul edip almakda sebitara taksi sürüjileriniň hyzmatlaryndan, ýa-da bellige alynmadyk resmi däl kargo hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.

“Ýok harydy satmak üçin, 30 göterimden 50 göterime çenli arzan baha hödürleýärler” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Ýatlasak, ýylyň başynda, 1-4-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň iň iri onlaýn söwda we bildiriş portallarynyň biri bolan Tmcars.Info web saýty wagtlaýyn ýapyldy. Saýtyň ýapylmagy sosial ulgamlarda dürli çaklamalara we özara pikir alyşmalara ýol açdy. Ýöne 4-nji ýanwarda saýt gaýtadan dikeldildi, ýöne saýtyň administratorlary wagtlaýyn arakesmäniň sebäpleri barada beýanat bermedi.

Balkan welaýatynda işleri ýaýbaňlanyp barýan hilegärler diňe bir harytlary däl, käbir hyzmatlary hem hödürleýärler. Meselem, 2023-nji ýylyň dowamynda käbir kezzaplar onlaýn bildiriş ulgamlarynda özlerini syýahatçylyk gulluklarynyň hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýalar hökmünde tanyşdyryp, aldaw ýoly bilen adamlaryň pullaryny alypdyrlar.

Olar Russiýa we Türkiýe ýaly döwletlere wiza açdyrmaga kömek bermegi wada berýärler. Soňra bolsa, adamlaryň pullaryny alyp ýitirim bolýarlar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň hem-de giň ýaýran işsizligiň arasynda köp sanly raýatlar eklenç gözleginde Türkiýe we Russiýa ýaly ýurtlara çykmaga ýykgyn edýärler.

Raýatlaryň çykalgasyz galmagy galp “syýahatçylyk agentlikleriniň” işini rowaçlandyrýar.

“Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň kanuny 2014-nji ýylda kabul edildi.

Bu kanunçylyk ýurtda Internet hyzmatlarynyň edilmegini düzgünleşdirýär.

Türkmenistanyň Internet ulgamy özüniň haýal tizligi we gymmat bahasy bilen tanalýar. Şeýle-de, häkimiýetler Internet ulgamyna berk gözegçilik edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Okuwçylar sanly kitaphanalara gönükdirilýär, ýöne Internetiň haýal tizligi mümkinçilikleri çäklendirýär
Býujet işgärlerinden IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak talap edilýär
Balkanabatda we Türkmenbaşyda Internetiň tizligi üç gün bäri ep-esli haýallady
Türkmenbaşyda VPN-den peýdalanan hojalyklaryň Internet üpjünçiligi kesildi
Lebapda Internetiň tizligi haýallap, mobil ulgamyň hili ýaramazlaşdy
IMO arkaly haýyr-sahawat soraýan hojalyklar polisiýanyň basyşlaryna sezewar bolýar