Orsýetdäki pajygaly hüjümden soň türkmen polisiýasy dinçileri gysýar

Orsýetdäki pajygaly hüjümden soň türkmen polisiýasy dinçileri gysýar

Türkmen dinçileri güýç edaralaryň basyşyna sezewar edilýär. Namaza barýan ýaşlar soraga çekilýär, sakgally raýatlar saklanýar, ilata namazyny öýünde okamak tabşyrylýar. Bu ýagdaý Orsýetde ýüzden gowrak adamyň ölümine we mundan has köpüsiniň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümiň yzýanyna gabat geldi.

Türkmenbaşyda, Balkanabatda we Çelekende howpsuzlyk gulluklary namaza barýan ýaşlary saklap sorag edip başladylar. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysynyň 25-nji martda beren maglumatyna görä, esasy üns sakgal goýberen erkeklere we hijap dakynan zenanlara gönükdirilýär.

"Raýatlara şübhe bildirilýär we olaryň 'Yslam hereketine' we 'wahabitlere' gatnaşygy bolup-bolmazlygy öwrenilýär. Howpsuzlyk güýçleri we polisiýa ofiserleri bu çäräniň geçirilmegine ýakynda Orsýetde köpsanly adam pidasyna getiren terror hüjümleriniň sebäp bolandygyny we munuň Türkmen hökümetiniň howpsuzlyk aladalary bilen baglydygyny aýdýarlar" diýip, ýerli güýç edaralarynyň birnäçe wekilli bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýdýar.

22-nji martda giçlik kamuflýažly ýaragly hüjümçileriň 6 müň 200 adamlyk “Krokus siti holl” konsert zalyndaky tomaşaçylaryň köpçüligine ot açmagy netijesinde, azyndan 137 adam öldi, başga-da ýüzlerçesi ýaralandy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topar öz üstüne aldy.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moskwanyň eteginde ýerleşýän adam pidaly hüjüm bilen bagly Wladimir Putine gynanç bildirdi. Berdimuhamedowyň 23-nji martda çap bolan gynanç hatynda, Türkmenistanyň terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýandygy aýdyldy. Emma Orsýetdäki hüjüm barada türkmen metbugatynda habar berilmedi.

Türkmenistanda Azatlyk bilen gürleşen howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň hökümetiň "ýurtdaky howpsuzlyk aladalary" bilen düşündiren dinçiler babatyndaky soňky çäreleriniň çäginde şeýle-de, raýatlaryň sakgaly syrylýar we olardan metjitlere namaza barmazlyk talap edilýär.

"Ýaşy 50-den kiçi adamlara alajy bolsa metjitlere gelmezlik, tarawa namazlaryny öýlerinde okamak tabşyrýarlar.Olar dinçilere oraza tutmak şu döwürde gerekmi diýen soraglary hem berýärler. Ýaşrak erkek adamlarda sakgal bolsa, göni päkini eline berip syrdyrýarlar.

Diýenini etmeseň 'wahabist' diýip 5 ýyl Owadan depedäki türmä ugratmak bilen haýbat atýarlar. 'Sud hem edip oturmarys' diýip, MHM işgärleri dinçileri gorkuzýarlar. 'Oraza aýy bolanyna şükür ediň, bolmasa, arak hem içirerin' diýip raýatlara gaty gödek daraýarlar" diýip, balkanly dinçi Azatlyga anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy türkmen dinçilerine gözegçiligiň armagynyň sebäpleri barada Balkanyň häkimiýetlerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Bu aralykda Türkmenbaşynyň bazarlarynda we dükanlarynda namazlyk, teswi we zenanlaryň dini lybaslary, şol sanda hijap, ýüz örtgi ýaly zatlary satýan söwda nokatlary ýapyldy we olaryň içindäki ähli harytlar howpsuzlyk gulluklary tarapyndan alynyp gidildi.

"Men Türkmenistanda soňky 30 ýylda dini harytlary satýan dükanlara şeýle reýdleri birinji sapar görýärin" diýip, balkanly söwdagär aýdýar.

Moskwanyň etegindäki konsert zalynda “Piknik” rok aýdym-saz toparynyň konsertiniň öňýany edilen adam pidaly hüjüm bilen baglylykda, dört adama terrorçylyk aýyplamalary bildirildi we olar iki aý möhlet bilen deslapky tussaghana iberildi. Moskwanyň sudy bu baradaky hökümi 24-nji martda giçlik çykardy.

Hüjümde ejir çekenleriň arasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň barlygy ýa ýoklugy boýunça maglumat häzirlikçe elýeterli däl.

Türkmenistanlylar Moskwadaky hüjümde heläk bolanlaryň hatyrasyna duýgudaşlyk bildirmek üçin Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňüne gül desselerini alyp barýarlar.

Türkmen dinçilerine gözegçilik wagtal-wagtal güýçlenýär. Azatlygyň habarçylary polisiýanyň dinçileri soraga çekmek, sakgalyny syrmak, arak içirmek we öýüni döküp, dini edebiýaty gözlemek ýaly çäreleriniň ençemesi barada habar beripdi. Şu aýda Orazada Türkmenistanda okuwçylara we talyplara agyz beklemek gadagan edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

​Lebapda, Moskwa hüjüminden soň, howpsuzlyk güýçlendirildi
Lebapda häkimiýetleriň yzarlamalaryndan soň, juma namazyna barýan adamlar azaldy
Türkiyede we dünýäde Oraza baýramy giňden bellenilip geçilýär
Aşgabadyň metjitlerinde bäş gezek azana çagyrylýar, ýöne dinçilere namaza durmak gadagan edilýär
Türkmenistanyň günortasynda ýüze çykarylan gadymy tapyndylar Oks siwilizasiýasynyň ýerleşen ýerini görkezýär
Bilal Aga Metjidinde 47 Ýyl Soň Ilkinji Juma Namazy Okaldy