Türkiyede we dünýäde Oraza baýramy giňden bellenilip geçilýär

Türkiyede we dünýäde Oraza baýramy giňden bellenilip geçilýär

Oraza baýramynyň ilkinji güni raýatlar baýram namazyny okamak üçin metjitlere üýşdüler.

Ir ertir bilen metjitleri dolduran musulmanlar, okalan baýram namazyndan soň aýat-töwir etdiler, biri-birlerini baýramlary bilen gutladylar.

Ýurduň paýtagty Ankara şäherinde raýatlar, ir ertir bilen metjitleri doldurdylar. Tapawutly döwletlerden gelen musulman myhmanlar metjitlere öz milli egin eşikleri bilen geldiler. Namazdan soň paýtagtyň ýaşaýjylary metjidiň içinde biri-birlerini baýramlary bilen gutladylar.

Stambulyň tapawutly ýerlerinden gelen ýaşaýjylar, ýerli we daşary ýurtly köp sanda syýahatçy, baýram namazyny şäherdäki uly we taryhy metjitlerde okadylar. Okalan namazdan soň metjidiň howulysynda we bakjasynda bir ýere jemlenen adamlar biri-birlerini baýramlary bilen gutladylar.

Türkiyäniň beýleki welaýatlarynda hem Oraza baýramynyň ilkinji gününde raýatlar baýram namazyny okamak üçin metjitlere bardylar, biri-birlerini baýramlary bilen gutladylar.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň çäklendirmesine garamazdan Oraza baýram namazyny 60 müň musulman basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimde ýerleşýän Aksa metjidinde okadylar.

Gruziýa, Gyrgyzystan, Özbegistan, Azerbaýjan, Owganystan we Şwesiýa döwletlerinde musulmanlar okalan baýram namazyndan soň, biri-birlerini baýramlary bilen gutladylar.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Kalyn: "Türkiýe iki ýurdyň liderini duşuşdyrmaga taýar" diýdi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi
Prezident Erdogan Gündogar Iýerusalim we Aksa metjidi bilen bagly beýanat berdi
Süleýman Soýlu liwanly kärdeşi Mewlewi bilen söhbetdeş boldy
Tapawutlanan harby gullukçylara hünär baýramy mynasybetli döwlet sylaglary berler