Orta Aziýa ýurtlarynda köpçülikleýin elektrik tok kesilmeler başdan geçirilýär

Orta Aziýa ýurtlarynda köpçülikleýin elektrik tok kesilmeler başdan geçirilýär

Özbegistanyň Energetika ministrliginden berilen beýanata görä, şu gün irden Gazagystanyň Almaty, Çimkent, Taraz, Türkistan welaýatlarynda we olaryň töwereklerinde başdan geçirilen elektrik tok kesilmelerine bagly ýagdaýda Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň energosistemalarynda hem kesilmeler boldy.

Beýanatda: "Gazagystandaky wakanyň Orta Aziýa umumy energosistema bagly bolan Özbegistanyň energosistemasyna ýaramaz täsir ýetirmegi netijesinde Gazagystandan gelýän elektrik geçirijisiniň güýjüniň üýtgemegi sebäpli Daşkent we Syrderýa elektrik desgalaryndaky gorag ulgamlarynyň awtomat häsýetde işläp başlamagy netijesinde desgalar işini bes etdi.

Onuň netijesinde bolsa Daşkent, Fergana, Andijan, Namangan, Syrderýa, Jizzah, Samarkand, Nowaýy we Kaşkaderýa sebitlerinde elektrik toklar kesildi.Häzirki wagtda her bir ýylylyk elektrik stansiýalaryny goňşy ýurtlaryň energosistemasyndan aýyryp, garaşsyz ýagdaýda işläp başladylmagy üçin işler alynyp barylýar" diýip habar berildi.

Özbegistanda elektrik toklaryň kesilmegi bilen ýurdyň paýtagty Daşkent şäherinde metro gatnawlarynyň bes edilendigi mälim edildi.

Elektrik toklar Gyrgyzystanyň hem käbir sebitlerinde kesildi.

Gazagystanyň elektrik tok kärhanasy KEGOC tarapyndan berilen beýanatda, sebitde başdan geçirilen köpçülikleýin elektrik tok keseilmeleriniň ýurtlaryň arasyndaky paýlanşyk ulgamyndaky artykmaç ýükden gözbaş alýandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Täjik edebiýaty
Zaki Walidi Togan
Mewlüt Çawuşoglu Özbegistanda Saparda Boldy
Birleşen Arap Emirlikleri Aşraf Ganini we onuň maşgalasyny kabul etdi
Täzeden ýazylýan taryh. Geçmişi bilmek näme üçin zerur?
2021-nji ýyl Ýewraziýa Sebitinde Nähili Geçdi