
Osteoklaziýa (süňk eremesi), süňkleriň ejizlemegine we onuň çydamsyzlaşyp, ýygydan döwülmegine sebäp bolýar. Süňk eremesi, ýagny osteoklaziýa esasan aýallarda görülýär.
Kimler süňk eremesi taýdan howply toparda:
Tebigy çözgütler:
Kalsiý goldawy
Çagalyk we kämillik döwrüne geçiş ýyllarynda bedeniň kalsiý islegini kanagatlandyrmak güýçli sklet gurluşy üçin möhümdir. 1 käse süýtde 300 milligram, 1 bölek ýagly peýnirde 210 mg. We 1 porsiýa gyzyl balykda 200 mg. Kalsiý bar.
Günüň dowamyndaky fiziki hereketiňizi artdyryň. Liftiň ýerine basgançakdan çykyp-düşüň, gezim ediň.
Ýöriş, ýeňilje ylgamak, tennis, tans ýaly süňkleri hereket etdirýän maşklary etmek maslahat berilýär.
D witamini süňkleriň güýçlenmegi üçin iňňän peýdaly. D witamini siňdiriş ulgamynda kalsiýniň siňdirilişini artdyryp, süňk ösüşini güýçlendirýär. Günüň dowamynda her gün 15 minut güneşiň şöhlesinde gezim etmek bedeniň D witamine bolan islegini kanagatlandyrýar.
Çilimiň we alkogolyň düzümindäki zäherli maddalar süňki bekedýän öýjükleri öldürýär hem-de estrogen ýaly esasy garmonlaryň azalmagyna sebäp bolýar. Şeýlelikde siňdiriş ulgamynda kalsiýniň siňdirlişini azaldýar hem-de böwreklerden kalsiýniň zyňylymyny artdyrýar. Şonuň netijesinde bolsa bedendäki kalsiýniň mukdary azalýar we süňk öndürlişi amala aşmaýar.
Süňküň 50 göterimi belokdan ybaratdyr. Şeýlelikde süňküň sagdynlygynyň goralmagy hem-de süňk eremesine garşy çydamlylyk üçin ýeterlik mukdarda belok iýmeli. Orta ululykdan bir ýumurtgada 6 gram, 100 gram towukda 20 gram we 100 gram gyzyl balykda 19 gram belok bar.
Kafein hem çilim we içgi ýaly süňküň ösmegini ýuwaşadyp, süňk eremesiniň ähtimallygyny artdyrýar.
Artykmaç duz sarp etmek süňküň ejizlemegine we eremegine sebäp bolýar. Arýatynam süňküň eremeginiň öňüni almak üçin işlenen azyklardaky duzuň mukdaryna üns beriň.
Süňküňiziň sagdynlygy üçin düzüminde kalsiý bolan azyklary sarp etmäge üns beriň we ýeterlik mukdarda süýt önümlerini sarp ediň. Süýde dalçyn goşup ýa-da miwe pýuresi bilen içmek maslahat berilýär.
Kak erik, badam, gatyk, limon we limonly suw, balyk, ysmanak, banan, pomidor, apelsin süňküň bekligi we eremäniň öňüniň alynmagy üçin peýdalydyr.