Owal Peterburgda tussag edilen Ahmet Jumadurdyýew prokuraturanyň karary bilen boşadyldy

Owal Peterburgda tussag edilen Ahmet Jumadurdyýew prokuraturanyň karary bilen boşadyldy

25-nji ýanwar agşamy Sankt-Peterburgyň Petrograd etrabynyň prokuraturasy golaýda tutulan Türkmenistanyň raýaty Ahmet Jumadurdyýewi boşatmak barada karar kabul etdi.

Bu barasynda adam hukuklary boýunça “Memorial” merkezi habar berýär.

“Migrasiýa we hukuk”, AH “Memorial”setiniň aklawjysy Olga Seýtlinoýyň habaryna görä, polisiýa Ahmedi 24-nji ýanwarda gündiz “Çkalowskaýa” metrosynyň merdiwanynda tutdy.

Resminama barlagy wagtynda onuň halkara gözlegdedigi belli boldy.

Ekstradasiýa barlagy geçirilende, Jumadurdyýew owal Russiýadan wagtlaýyn baş pena berilmegini sorapdyr we FHG-niň ýurda girmegini gadagan edýän kararyna arz edipdir.Mundan başga-da geçen ýylyň oktiýabrynda Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudy 39 Düzgünnama laýyk Ahmedi mejbury deportasiýa etmek karary ýatyrypdy.

Munuň bilen ilteşikli Peterburg şäheriniň kazyýeti IIM-niň Sankt-Peterburg boýunça müdiriýetiniň başlygynyň adyna hat ýollap, arza boýunça önümçiligi jemlemek barada AHÝS-niň kararyny berjaý etmegiň zerurdygyny görkezdi.

Prokuraturanyň kararynda bellenmegine görä, görkezilen ýagdaýlarda Jumadurdyýewiň tussaglykda saklanmagy bikanun. Ol agşam sagatlary 7 töweregi boşadyldy.

2017-nji ýylda Türkmen häkimiýetleri Jumadurdyýewe resmi däl dini toparyň işi boýunça gözleg yglan edipdi. Şol ýylyň dekabrynda ony Peterburgyň Pulkowo howa menzilinde tutdylar. Mundan bir ýyl soňra, Ahmedi boşatdylar. Sebäbi, prokuratura ony bermek üçin hiç bir esaslary tapmandy.

Türkmenistanda Ahmediň agasy – Arslan Jumadurdyýewi dini ekstremizm bilen ilteşikli toslama aýyplama bilen 25 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm etdiler.The post Owal Peterburgda tussag edilen Ahmet Jumadurdyýew prokuraturanyň karary bilen boşadyldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň deportasiýasyny talap edýän Ahmet Jumadurdyýewi Sankt-Peterburgda sakladylar
Estoniýanyň serhetçileri rus-eston araçägindäki derýadan ýüzüp geçen Türkmenistanyň raýatyny tussag etdiler
Estoniýadan gaçybatalga sorajak bolan türkmeniň ykbaly Orsýetde çözülýär
Narwa derýasy arkaly ýüzüp Estoniýa girmäge synanyşan Türkmenistanyň raýatyna Rusýada sud başlady
Türkmenistanyň raýaty Jumadurdyýew Sankt-Peterburgda tussag edildi
EAHK Estoniýa bilen serhedi derýadan ýüzüp geçmäge synanyşan Türkmenistanyň raýatyny watanyna ýollamagy Russiýa gadagan etdi