Türkmenistanyň raýaty Ahmet Jumadurdyýew deportasiýa merkezinden boşadyldy

Türkmenistanyň raýaty Ahmet Jumadurdyýew deportasiýa merkezinden boşadyldy

17-nji dekabrda Sankt-Peterburgyň Krasnoselskiý etrap kazyýeti Türkmenistanly baş pena soraýyjy we watanynda dini äheň bilen yzarlanýan Ahmet Jumadurdyýewi deportasiýa merkezinden boşatmak babatda karar kabul etdi.

Bu barasynda adam hukuklary boýunça “Memorial” merkezi habar berýär.

Jumadurdyýew daşary ýurtlylaryň wagtlaýyn deportasiýa merkezine oktiýabr aýynyň başlarynda ýerleşdirilipdi.

Russiýanyň FHG-sy näbelli sebäplere görä, Ahmediň ýurda girmegini 2055-nji ýyla çenli gadagan edipdi. Onuň deportasiýasynyň näme esasda kabul edilendigi belli däl.

22-nji noýabrda Sankt Peterburgyň şäher kazyýetiniň apelýasiýa kesgitlemesi boýunça Jumadurdyýewiň wagtlaýyn deportasiýa merkezinde tutulmagy 16-njy dekabra çenli çäklendirildi.

Ahmedi deportasiýa etmek boýunça karary ýerine ýetirmek kesgitli möhletde mümkin däl. Sebäbi, adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti bu iş babatda 39 kadanyň ulanylandygy barada Russiýa habar berdi.

Mundan başga-da, Jumadurdyýew wagtlaýyn baş pena berilmegi barasynda arza ýazdy. Emma, oňa entek garalmady. Şol sebäpli, Ahmet wagtlaýyn deportasiýa merkezinden çykarylmaly. Ol deportasiýa etmek hakynda kararyň berjaý edilmegi üçin merkezde saklanýardy.

Türkmen baş pena soraýyjy Jumadurdyýewiň işi bilen “Migrasiýa we hukuk”,ynsan hukuklary “Memorial” merkeziniň aklawjylary Olga Seýtlina we Ýuriý Serow meşgullanýar. Serow onuň deportasiýa merkezinden boşadylmagyna gözegçilik etdi. Indi onuň Russiýa girmegini gadagan edýän FHG-niň kararyna arza bermeli.

25-nji noýabrda Jumadurdyýew IIM-niň işgärleriniň talaby bilen (Türkmenistandan başga) bir ýurda gitmek üçin Russiýany meýletin terk etmek bilen ylalaşýandygy barada hata gol goýdy.

Emma, ol häzirlikçe mümkin däl.

Çünki, onuň ady watanynda gözlenýän şahs hökmünde Russiýanyň serhet gullugynyň maglumatlar bazasynda durýar.

Şol bir wagtyň özünde, Ahmediň agasy Arslan Jumadurdyýew Türkmenistanda “dini ekstremizm” diýlen toslama aýyplama bilen 25 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm edildi.The post Türkmenistanyň raýaty Ahmet Jumadurdyýew deportasiýa merkezinden boşadyldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda gözlenýän türkmenistanly Orsýetdäki deportasiýa merkezinden boşadyldy
Türkmenistanyň raýaty Jumadurdyýew Sankt-Peterburgda tussag edildi
Narwa derýasy arkaly ýüzüp Estoniýa girmäge synanyşan Türkmenistanyň raýatyna Rusýada sud başlady
Owal Peterburgda tussag edilen Ahmet Jumadurdyýew prokuraturanyň karary bilen boşadyldy
EAHK Estoniýa bilen serhedi derýadan ýüzüp geçmäge synanyşan Türkmenistanyň raýatyny watanyna ýollamagy Russiýa gadagan etdi
Estoniýanyň serhetçileri rus-eston araçägindäki derýadan ýüzüp geçen Türkmenistanyň raýatyny tussag etdiler