Owgan resmisi: Tussag edilen YD jeňçilerinden üçüsiniň Türkmenistanyň raýatydygy anyklandy

Owgan resmisi: Tussag edilen YD jeňçilerinden üçüsiniň Türkmenistanyň raýatydygy anyklandy

Günorta-gündogar Owganystanyň Nangarhar welaýaty Yslam döwleti’ (YD) diýilýän toparyň merkezi hasaplanýardy.Soňky döwürde ol welaýatdaky Talyp hereketi bilen YD’ toparyň arasynda çaknyşyklar ýüze çykdy.Hökümet güýçleri hem Nangarhar welaýatynda YD’ toparyna garşy öz göreşini güýçlendirdi. Şonuň netijesinde yslam döwleti’ toparynyň Horasan bölüminiň daşary ýurtly jeňçileriniň demirgazyk Owganystana tarap ugrandygyny bilermenler aýdýarlar.

Nangarhar welaýatyndan çekilen daşary ýurtly söweşijilerden bir topar Kunar welaýatyna baryp ýerleşipdir diýen habar bar.Merkezi aziýaly militanlaryň yslam döwleti’ atly toparyna tabyn bolandygy aýdylýar.Kunar welaýatynyň polisiýa edarasynyň başlygy, general Şepirkulla Säher birnäçe YD’ söweşijisiniň tussag edilendigini habar berdi.

Ol tutulanlardan üç daeşçiniň’ Türkmenistanyň raýaty bolandygynyň anyklanandygyny bildirip, şeýle diýdi.Biz ýedi daeşçini’ (söweşijini) tussag etdik.Tutulanlaryň arasynda aýal we çagalaram bar. Üç daeşçiniň’ ýanyndan Türkmenistanyň pasporty (kimlik şahsyýetini anyklaýan resminama) çykdy, ýagny üç daeşçiniň’ Türkmenistanyň graždanlary bolandygy mälim edildi.

Tutulan daeşçiler’ Owganystanyň Milli howpsuzlyk gullugyna tabşyryldy diýip, general Şepikulla Säher Azatlyk Radiosyna aýtdy.Kunar welaýatynda 1200-den gowrak daeş’ söweşijileriniň ýerleşendigini bildirip, welaýatyň häkimi Abdul Setdar Mürzekwal şeýle diýdi.

Kunar welaýatynda 1200-den köpräk daşary ýurtly jeňçiler hereket edýärler.Daeş’ militanlarynyň aglabasy Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan söweşijilerdir.Merkezi aziýaly daeşçileriň’ ýanynda olaryň maşgala agzalary hem bar diýip, Kunar welaýatynyň häkimi Abdul Setdar Mürzekwal Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürleşende aýtdy.

Owganystanda 20-den gowrak ekstremistik toparlaryň bardygyny resmiler tassyklaýarlar.Owganystanda öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň ählisinden jeňçiler bar.Kunar welaýatynyň ýerli Geňeşiniň agzasy, deputat Mälik Şirzemin bu welaýatdan daeşçileri’ ýok etmek boýunça çäre görülmelidigini sorap, hökümete ýüz tutdy.

Nangarharda bolşy ýaly, Kunar welaýatynda hem daeşçiler’ ýok edilmelidir.Kunar welaýatynda daşary ýurtly jeňçiler, şol sanda Merkezi aziýaly jeňçiler halky gynamalara duçar edýärler.Ol jeňçileriň güýçlenmeginiň öňüni almak üçin, hökümet berk çäre görsün diýip, deputat aýdýar.

Demirgazyk Owganystanda-da Yslam döwleti’ toparynyň Horasan bölüminiň toparlary hereket edýärler.Daeş’ militanlarynyň Owganystanyň Pakistan bilen araçäkleşýän sebitlerinden, demirgazyk Owganystana gelýändikleri aýdylýar.YD’ toparynyň söweşijileriniň demirgazyk Owganystanyň Farýap, Jöwüzjan we Serful welaýatlarynda ýerleşendiklerini ýerli resmiler boýun alýarlar.

Hususan-da, Farýap welaýatynyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän sebitlerinde merkezi aziýaly jeňçiler ýerleşipdirler.Türkmenistanyň serhet ýakasynyň golaýynda owgan hökümetiniň kontrollygynda bolmadyk bazarlar bar. Şonda ok-ýaraglaryň hem-de harby enjamlaryň, şol sanda neşe maddalarynyň dürli görnüşleriniň açyk alnyp satylýandygyny ýerli geňeşiň deputatlary aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
4 müňden 6 müňe çenli jeňçi. BMG Owganystanda we sebitde YD-niň howpy barada duýduryş berdi
PSŽ-niň 5 goly “Aýaççony” 2-nji liga ugratdy
Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda sil apatlary başdan geçirildi
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Rus diplomaty: Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän etraplaryna YD wehim salýar