Owganystanda tebigy apatlar sebäpli 35 adam ýogaldy

Owganystanda tebigy apatlar sebäpli 35 adam ýogaldy

Ýurduň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynyň Medeniýet we maglumatlar edarasynyň müdüri Karişi Badlun başdan geçirilen sil apatlary we tupanlar bilen bagly maglumat berdi.

Karişi Badlun aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda we tupanlaryň netijesinde 35 adamyň ýogalandygyny, 230 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Ýaralanan adamlaryň hassahanalarda bejergi astyna alynandyklaryny aýdan Karişi Badlun, adam pidalarynyň artyp biljekdigini mälim etdi.

Maý aýynda Baglan welaýaty başda bolmak bilen Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda başdan geçirilen sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 400 adamdan geçipdi.

Ýene degişli makalalar

Owganystan çaknyşyklarda 55 adamyň ýogalandygyny, Pakistan 415 terrorçynyň öldürlendigini aýdýar
4 müňden 6 müňe çenli jeňçi. BMG Owganystanda we sebitde YD-niň howpy barada duýduryş berdi
Kabardin-Balkariýanyň ýaşaýjysy dünýäniň 14 sany iň beýik dag belentligine çykdy
Türkmen dilinde we edebiýatynda Aşura medeniýetiniň üçünji kongressi Fakhreddin Asad Gorgani zalynda geçirildi
Türkmen dilinde we edebiýatynda Aşura medeniýetiniň üçünji kongressi Fakhreddin Asad Gorgani zalynda geçirildi
Marsyň orbitasynda Hindistanyň zondynyň missiýasy tamamlandy