Iň gowy sport myhmanhanasy

Ispaniýanyň Mursiýa şäherindäki iň köp gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan La Manga Club myhmanhanasy Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşip, 560 gektardan gowrak meýdany eýeleýär.Bu ýer sport bilen meşgullanmak hem-de dynç almak üçin tämiz howaly ýerleriň biri bolup, myhmanhananyň daş-töweregini arça tokaýlary we limon agaçlary bezeýär.

Sport myhmanhanasynyň düzüminde 18 çukurly 3 golf meýdançasy, 28 tennis korty, 2 kriket meýdançasy, ýapyk howuzly fitnes zaly, 8 futbol meýdançasy bar.Dynç almaga gelýänler, esasan, tennisdir golf oýnap, fitnes sapaklaryna gatnap ýa-da howuzda ýüzüp wagtyny geçirýärler.

Myhmanhanada tejribeli sport tälimçileri bilen bilelikde işleýän Tennis akademiýasy we Golf akademiýasy bar. Şol sebäpli La Manga Club oýnuň düzgünlerini öwrenmek we kämilleşdirmek üçin iň gowy ýerleriň biridir.Myhmanhanada ýigrimiden gowrak restoran bolup, ispan, amerikan, italýan, meksikan, gündogar tagamlaryny dadyp görmäge mümkinçilik bar.

Güni we deňzi söýýänler Ortaýer deňziniň kenaryndaky Kosta Kalidada dynç alyp, sportuň suwda geçirilýän görnüşleri bilen meşgullanyp bilýärler. Şeýle hem suw ulaglaryny halaýanlar üçin gaýykly we ýahtaly gezelençler guralýar.

Kenardaky kiçiräk gaýanyň üstünde ýerleşýän La Cala restorany dynç alýanlara balykdyr deňiz jandarlaryndan taýýarlanan tagamlaryň birnäçe görnüşini hödürleýär.Bu ýerde çagalar üçin ýörite tagamlar taýýarlanylýar. Şeýle-de, körpeje dynç alýanlara niýetlenen güýmenje meýdançalary hem bar.

Ýene degişli makalalar

Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Owganystanda Türkmenistandan iberilen 24 tonnadan gowrak ynsanperwerlik ýük kabul edildi
Owganystanda Türkmenistandan iberilen 24 müň tonnadan gowrak ynsanperwerlik ýük kabul edildi
Türkmenistan ýer titremesinden ejir çeken Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini iberer
Owganystanda ýertitremede 1500 adam heläk boldy
Saglygy goraýyş ministri: Eýrandaky ähli owgan raýatlaryna sanjym edildi