Marsyň orbitasynda Hindistanyň zondynyň missiýasy tamamlandy

Marsyň orbitasynda Hindistanyň zondynyň missiýasy tamamlandy

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) Marsyň orbitasynda Mangalyaan zondynyň missiýasynyň tamamlanandygyny habar berdi. Bu barada Interfax.ru belleýär.

Guramanyň habar bermegine görä, ISRO-nyň we dürli ylmy-gözleg edaralarynyň wekilleri elektrik energiýasyny durnukly öndürmek üçin zerur bolan orbita belentligini saklamak üçin enjamyň ýangyjynyň gutarandygy baradaky netijä geldiler. Olaryň pikiriçe, zondyň orbitada mundan beýläk ulanylmagy mümkin däl we hünärmenler ony işe gaýtaryp bilmezler.

Planetara orbital stansiýa Mangalyaan 2013-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Satişa Dhawana adyndaky Kosmos merkeziniň uçuş meýdançasyndan uçuryldy.Uçuşdan 300 gün soň, 2014-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda zond Marsyň orbitasyna çykyp, ol ýerde sekiz ýyl boldy.

Işiniň dowamynda zond Gyzyl planetanyň atmosferasyndaky we ekzosferasyndaky hadysalary, şeýle-de onuň üstüniň aýratynlyklaryny öwrendi.Enjam ilkinji bolup Marsyň hemrasy Deýmosyň arka tarapyny surata aldy, planetanyň üstündäki tozanly tupanlara gözegçilik etdi we gazlaryň düzümi barada maglumatlary ýygnady.

Ýene degişli makalalar

Hindistanyň kosmos gämisi Marsyň orbitasyna ýerleşdi
Bossan Concept barbekýu mangallary bilen ýatdan çykmajak dynç alyşlary hödürleýär
Türkmenistan ýer titremesinden ejir çeken Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini iberer
Owganystanda ýertitremede 1500 adam heläk boldy
Saglygy goraýyş ministri: Eýrandaky ähli owgan raýatlaryna sanjym edildi
Türkiýe, Owganystanda Guralan Terrorçylykly Hüjümleri Ýazgardy