Owganystan Türkmenistandan müňlerçe tonna suwuklandyrylan nebit gazyny import edýär

Owganystan Türkmenistandan müňlerçe tonna suwuklandyrylan nebit gazyny import edýär

Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň hökümeti müňlerçe tonna suwuklandyrylan nebit gazyny Türkmenistandan import etmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu barada ministrligiň metbugat beýanatyna salgylanyp, “Khaama Press” täzelikler agentligi duşenbe güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, silindr gazy hökmünde tanalýan suwuklandyrylan nebit gazynyň Türkmenistandan Owganystana ugradylmagy türkmen resmileri bilen Owganystanyň Milli standartlar gullugy, Owganystanyň Nebit-gaz korporasiýasy we Owganystanyň Premýer-ministriniň ykdysady geňeşçisi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrlik türkmen resmileri bilen geçirilen bilelikdäki birnäçe duşuşyklaryň jemleri boýunça Owganystanyň gaz importyny ýokarlandyrmak barada şertnama baglaşandygyny mälim etdi. Netijede, “Haýratan”, “Akina” we “Turgundy” portlaryndan müňlerçe tonna türkmen suwuklandyrylan nebit gazy Owganystana iberiler.

“Bakhtar” döwlet täzelikler agentliginiň owgan resmilerine salgylanyp habar bermegine görä, türkmen suwuklandyrylan nebit gazynyň iberilmegi bilen Owganystandaky gazyň bahasy ep-esli peseler.

Owganystanyň Maliýe ministrligi şenbe güni ýurduň Eýrandan 350 müň tonna ýangyç import etmek baradaky şertnama gol çekendigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Ysraýylyň 1915-nji ýyldaky wakalary ykrar etmek kararyny ýazgardy
Gazagystan Hazar turba geçijisine zeper ýetirlendigi sebäpli nebitiň bir bölegini Hytaýa ugradar
Eýranyň Daşary işler ministri: Amerika dünýäde iň howply ýadro ýaragyny ýaýradyjydyr
Türkiye Sidneýiň Bondi plýažynda bolan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Gazada täze doglan bäbek aşa sowukdan ýogaldy, ýaşaýyş jaý krizisi barha erbetleşýär
Halkara jemgyýetçiligi ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezýär
Russiýa Kiýewiň 2026-njy ýylda Moskwany her gün hüjümler bilen nyşana almaga dowam edýändigini aýtdy