Owganystanda 900-den gowrak adam ýer titremesiniň pidasy boldy

Owganystanda 900-den gowrak adam ýer titremesiniň pidasy boldy

Geçen gije Owganystanyň günorta-gündogaryndaky Paktika welaýatynda bolup geçen ýer titremesi netijesinde 900-den gowrak adam pida boldy diýip, ýerli Tolo News teleýaýlymy tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek boýunça ministriň orunbasary Şarafuddin Muslimiň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Şikes alanlaryň sany 610-a ýetýär. Öň, ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň habar bermegine görä, Owganystanda 6,1 magnitudaly ýer titreme bolup geçdi. Ýer titremäniň epi merkezi 96 müň ilatly Host şäherinden 44 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýär. Onuň ojagy 51 kilometr çuňlukda ýerleşýär. Owganystanyň Içeri işler ministrligi ýer titremeden ejir çeken ilata kömek bermeklerini sorap halkara guramalara ýüz tutdy.

Ýene degişli makalalar

Dejavu Täze ýyl oturylyşyk agşamlaryna çagyrýar
Berdimuhamedow dünýäniň iň täsirli musulmanlarynyň sanawyna girizildi
Malide Guralan Hüjümde Asuda Ilatdan 49 Adam Ýogaldy
Owganystandaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 1000 adama ýetdi
Erdogan Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýannama berdi