Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi

Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi

Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna bina edilen 500 orunlyk metjidiň açylmagy türkmen-owgan dostlugynyň ýylýazgysyna täze sahypany ýazdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat topar metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Mazari-Şarif şäherindäki konsullygyna Owganystanyň “Ghazanfar Construсtion, Roada Work Rail Wai Construсion Material P.CO” gurluşyk kompaniýasy bilen metjidi gurmak hakyndaky şertnamany baglaşmak tabşyryldy.

Munuň özi Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň milletiň asylly ýörelgeleriniň esasyny düzýän we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidlentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynda öz beýanyny tapan parahatçylyk hem-de ynsanperwerlik esaslaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň ýene bir tassyknamasyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi
Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi
Owganystanda türkmen tarapynyň goldaw bermeginde täze metjit guruldy
Resmi habarlar
Aşgabatda LC Waikiki şereketiniň dükany açyldy, Russiýa ýörite uçuş amala aşyrylar, futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky çempionat başlandy, paýtagtyň teatrlary dynç günleri üçin taýýarlan repertuarlary bilen tanyşdyrdy we beýleki täzelikler
Aşgabatda dünýä belli Lc Waikiki haryt nyşanly egin-eşik dükany işe başlady