Owganystanda minomýot okunyň partlamagy netijesinde 9 çaga ýogaldy

Owganystanda minomýot okunyň partlamagy netijesinde 9 çaga ýogaldy

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýtynyň Lal Pur etrabynda minmýot okunyň partlamagy netijesinde 9 çaga ýogaldy.

Ýerli resmiler Lal Pur etrabynyň Biganagan obasynda köne zatlaryň satylýan ýerinde minomýot okunyň oýnalan mahaly partlamanyň bolandygyny habar berdiler.

Partlamada 9 çaganyň ýogalandygyny aýdan resmiler, 4 çaganyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdiler.

Şaýatlaryň habar bermegine görä bolsa, partlama mekdebiň golaýynda boldy.

Ozal hem ýurdyň tapawutly ýerlerinde şuňa meňzeş wakalar başdan geçirilipdi we onlarça çaga ýogalypdy.

Ýurtda söweş zamanyndan galan partlamadyk minomýot oklary we bombalar bar.

Ýene degişli makalalar

Hindi kino sungatynyň gözel ýyldyzy Aişwarýa Raý 50 ýaşady
4 müňden 6 müňe çenli jeňçi. BMG Owganystanda we sebitde YD-niň howpy barada duýduryş berdi
PSŽ-niň 5 goly “Aýaççony” 2-nji liga ugratdy
Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda sil apatlary başdan geçirildi
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Owganystandaky sil apatynda ýogalýan adamlaryň sany artýar