Owganystanda Türkmenistandan iberilen 24 müň tonnadan gowrak ynsanperwerlik ýük kabul edildi

Owganystanda Türkmenistandan iberilen 24 müň tonnadan gowrak ynsanperwerlik ýük kabul edildi

Turkmenportalda ýakynda habar berşimiz ýaly, Türkmenistan Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýer titremesi zerarly bu ýurda ynsanperwerlik kömegini iberdi. Azyk we arassaçylyk önümlerinden, derman serişdelerinden hem-de öý goşlaryndan ybarat bolan, 24 700 tonnalyk ýük şu gün Owganystanyň paýtagtynda kabul edildi. Bu barada Trend.az habar berýär.

Türkmenistan ýer titremesinden ejir çeken doganlyk Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berjekdigi barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji iýunda Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

Owganystanyň Paktika, Nangarhar, Logar, Kabul we Host welaýatlarynda 22-nji iýunda güýji 6,1 dereje bolan ýer titremesi boldy. Çaklamalara görä, ýer titremesinde 1 müň 500 adam heläk boldy, 2 müňden gowrak adam bolsa şikes aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-Awstriýa jemgyýeti 16 ýyldan soň ilkinji gezek Aşgabatda mejlis geçirdi
19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
14-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal