Owganystanda we Çilide ýertitremeler boldy

Owganystanda we Çilide ýertitremeler boldy

Geo News telewideniýe kanalynda berilen habarlara görä, Owganystan serhediniň golaýyndaky Haýber Pahtunhwa welaýatynda ýertitreme güýçli ýagdaýda duýuldy.

Haýber Pahtunhwa welaýatynda ýogalanlaryň sany 9 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 160 adama ýetdi. Ýogalanlaryň arasynda 2 zenan we 2 çaga hem bar.

Welaýatda häzirki wagta çenli 19 öý bölekleýin ýagdaýda ýumruldy.

Owganystanda bolsa azyndan 3 adam ýogaldy.

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezinden berilen beýanatda 6,5 bal ululygyndaky ýertitremäniň güýç merkeziniň Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan welaýatynyň Jurm etrabydygy habar berildi.

Ýer titreme Pakistanyň paýtagty Yslamabad şäheri bilen birlikde Lahor, Rawalpindi, Kwetta, Peşawar we beýleki ençeme şäherde hem duýuldy.

Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Çili döwletiniň merkezi sebitinde hem 5,6 bal ululygynda ýertitreme boldy.

Çili uniwersitediniň Milli seýismalogiýa merkeziniň berýän maglumatyna görä güýç merkezi ýurduň Melipilla şäheri bolan 5,6 bal ululygyndaky ýertitreme, ýerli wagt bilen sagat 14:38-de boldy.

Ýeriň 57 km aşagynda emele gelen ýertitreme sebäpli adam ýitgileriniň bolup-bolmandygy barada entek maglumat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Argentinada 6,6 bal ululygynda ýer titreme boldy
Owganystanda ýer titremesi boldy
Owganystanda 5,2 bal ululuygynda ýer titremesi boldy
Energiýada Täze Ugur: Ortaýer Deňizi
Türkmenistanda 5,3 magnitýudly ýer yranmasy boldy
Kanadanyň “Condor Energies” kompaniýasy Gazagystanda litiý çykaryp başlar
Alýaskada 7,2 bal ululygynda ýer titreme boldy