Owganystanda we Eýranda ýer titremeleri boldy

Owganystanda we Eýranda ýer titremeleri boldy

Owganystanyň Paktika welaýatynda düýn gije bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede, ilkinji kesgitlemelere görä 255 adam ýogaldy.

Ýurduň resmileri ýer titremäniň esasan hem Paktika welaýatynyň Giýan etraby bilen Host welaýatynyň Spireý etraplaryna täsir ýetirendigini habar berdiler.

Ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 255 adamyň ýogalandygyny aýdan resmiler, köp sanda ýaralanan adamlaryň hem bardygyny beýan etdiler.

Resmiler gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini, sebite dikuçarlar bilen goldawyň ugradylandygyny aýan etdiler.

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew edarasy ýer titremäniň ululygynyň ilki 6,1 bal ululygyndadygyny, soň bolsa 5,9 bal ululygyndadygyny habar berdi.

Ýer titremäniň güýç merkeziniň Owganystanyň gündogarynda, Pakistan serhedinde ýerleşýän Host welaýatynyň 46 km günorta-günbataryndadygy aýan edildi.

Ýerli wagt bilen sagat 01:24-de bolan ýer titreme, paýtagt Kabul şäheri bilen birlikde, Pakistanyň paýtagty Yslamabad we Peşawar şaherleri ýaly ýakyn ýerlerde hem duýuldy.

Beýleki tarapdan Eýranyň günortasyndaky Hürmüzgan welaýatynyň Bender Lenge etrabynda hem 5,2 bal ululygynda ýer titreme boldy.

Ýerli wagt bilen sagat 01:39-da bolan ýer titremäniň, ýeriň 10 km aşagynda emele gelendigi habar berildi.

Ýer titremelerde adam pidalarynyň ýa-da ýaralanmalaryň bolup-bolmandygy barada entek maglumat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Indoneziýada ýer titremesi boldy
Owganystanda ýer titremesi boldy
Filippinlerde 6,7 bal ululygynda ýer titreme boldy
Hytaýly alymlar Garagumdaky Bokurdak obasyna baryp gördüler
Hindistanda Ýer Titredi
Filippinde Ýer Titredi
Ýuwaş okean sebitinde ýer titremesi boldy