Owganystanda ýene-de bir ýer titreme boldy

Owganystanda ýene-de bir ýer titreme boldy

Milli Seýismalogiýa merkezinden berilen beýanata görä, Badahşan welaýatynyň merkezi Feýzabad şäherinde, Owganystanda düýn bolan ýer titremeden soň 4,3 bal ululygynda ýene-de bir ýer titreme boldy.

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew guramasy ýer titremäniň ýeriň 220 km aşagynda emele gelendigini, güýç merkeziniň Badahşan welaýatynyň Jurm obasynyň 48 km günorta-günbatarydygyny habar berdi.

Owganystanyň Paktika welaýatynda düýn bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede 1000-den gowrak adamyň ýogalandygy, 1500-den gowrak adamyň hem ýaralanandygy mälim edilipdi.

Resmiler ýer titremäniň esasan hem Paktika welaýatynyň Giýan etrabyna we Host welaýatynyň Spireý etrabyna täsir ýetirendigini aýan edipdiler.

Düýn bolan ýer titremäniň güýç merkeziniň Owganystanyň gündogarynda, Pakistan serhediniň golaýyndaky Host welaýatynyň 46 km günorta-günbatarydygy beýan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda ýer titremesi boldy
Owganystanda ýer titreme boldy
Indoneziýada ýer titremesi boldy
Filippinlerde 6,7 bal ululygynda ýer titreme boldy
Hytaýly alymlar Garagumdaky Bokurdak obasyna baryp gördüler
Hindistanda Ýer Titredi
Filippinde Ýer Titredi