Owganystanyň halkyna iberlen azyk, derman we dokma önümleri owgan tarapyna gowşuryldy

Owganystanyň halkyna iberlen azyk, derman we dokma önümleri owgan tarapyna gowşuryldy

Turgundy gözegçilik-goýberiş nokadynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystanyň halkyna iberlen azyk, derman we dokma önümleri resmi we dabaraly ýagdaýda owgan tarapyna gowşuryldy. Bu barada Turkmenistaninfo.gov.tm habar berdi.

13-nji maýda gowşurylan kömekler Owganystanyň Adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça döwlet ministrliginiň Içerki barlag departamentiniň başlygy Molla Mohammad Mobin Maftunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet tarapyndan kabul edilip alyndy. Şeýle-de dabaraly çärä owganystanly türkmenler hem-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Owgan tarapy Owganystanyň halkyna ähli ugurda yzygiderli berýän ynsanperwer kömekleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Milli Liderine özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler we iki goňşy halklaryň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Ýene-de 26 Hytaý Firmasynyň Harytlarynyň Ýurda Getirilmegini Gadagan Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Hakan Fidan, ÝB Komissiýasynyň Agzasy Ilwa Ýohansson Bilen Duşuşdy
Ýewropaly arheologlar Türkmenistandaky gadymy Marguşyň gazuw-agtaryş işlerine täzeden girişerler, Aşgabatda Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bellenildi, Gülnäz Rozykulowanyň eserleriniň ýubileý sergisi açyldy we beýleki habarlar
Türkiye-Siriýa gepleşikleriniň näbelli gelejegi
Polşada iki rus göz tussaglygyna alyndy