Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegi berler

4-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabiriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýertitremesi bilen baglanyşykly owgan diplomatyna duýgudaşlyk we goldaw sözleri aýdyldy hem-de bu habaryň Türkmenistanda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigi we ýurdumyzyň Owganystanyň ilatyna golaý wagtda ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkymyzyň kyn wagtda kömege mätäçlere goldaw-hemaýat bermegiň gadymy däplerini döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagyň esasy hökmünde dowam etdirýär.

Muny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Owganystanyň heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna we ilatyna yzygiderli esasda iberilýän ynsanperwerlik kömeginiň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar.

Ýene degişli makalalar

Täjigistan 2023-nji ýylda bir müňden gowrak elektrik awtoulagyny satyn aldy
Pakistan TOPH taslamasynyň ilerledilmegini goldaýar
AÇL. Ahal — Pahtakor oýnunyň başlangyç düzümleri belli boldy
Ahal ― Pahtakor duşuşygynda VAR ulgamyndan peýdalanylar
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
Täjigistanda dynç alýan russiýaly jahankeşdeler köpelýär