Oýun meýdançasy bolan Soltan Loft restorany çagalar baýramçylyklaryny ýokary derejede guraýar

Oýun meýdançasy bolan Soltan Loft restorany çagalar baýramçylyklaryny ýokary derejede guraýar

Soltan Loft restorany çagalar baýramçylyklaryny ýokary derejede guramak hyzmatyny hödürleýär.

Dürli ýaşdaky oglan-gyzlaryň göwnünden turjak köp sanly attraksionlary bolan güýmenje meýdançasy myhmanlaryň hyzmatyndadyr. Bu ýerde oýun enjamlary, konstruktorlar, hiňňildikler, karuseller, dyrmyşmak üçin öýjagazlar we beýlekiler bardyr.

Şeýle hem Soltan Loftda kiçijik oýunjak dükany hem-de süýjülikler we içgiler satylýan naharhana bar.

Restoranyň menýusy çagalaryň we ýetginjekleriň gowy görýän tagamlary göz öňünde tutulyp düzülendir: kitirdewük fri, şireli gamburgerler we çizeburgerler, towukdan we gök önümlerden taýýarlanan işdä açyjy tagamlar, şeýle hem türk süýjülikleriniň dürli görnüşleri.

Soltan Loft restorany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, G.Kuliýew (Obýezdnaýa), köç., 72, Soltan binasy. Habarlaşmak we stol bronlamak üçin telefon belgileri: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Awazada bolsaňyz, hökman Soltan restoranyna baryp görüň
Awazadaky Soltan restorany gaýtalanmajak deňiz gözelligini we romantik gurşawy hödürleýär
Awazadaky Soltan restorany: ajaýyp aşhanalar we deňiz kenaryndaky dynç alyş gurşawy
Maryda tok kesilýär, adamlar jokrama yssyda kösenýär
Balkanda welaýat derejesindäki “soňky jaňa” diňe türkmen milletinden bolan uçurymlar gatnaşdyrylýar
Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar