Derwezeçi Nikita Gorbunow karýerasyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam futbol toparynyň tälimçiler düzümine goşuldy. Ol toparyň derwezeçilerine tälim berer.
Nikita uly futbola 2000-nji ýylda Nisanyň düzüminde gadam goýupdy. Soňra ol Köpetdag, Ahal, Balkan ýaly toparlarda hem çykyş etdi. Nikita Gorbunow 2013-nji ýylda Balkan bilen AFK-nyň prezidentiniň kubogyna hem mynasyp boldy.
38 ýaşly Nikita 2018-nji ýyldan bäri Şagadamda çykyş edip gelýärdi. Onuň karýerasyndaky ahyrky resmi duşuşyk Türkmenistanyň kubogy ― 2021-iň final oýny boldy.
Nikita Gorbunow Türkmenistanyň milli ýygyndysynda 7 duşuşyga gatnaşdy. AFK-nyň Çagyryş kubogy ― 2014-de bolsa oňa milli ýygyndynyň kapitanlygy ynanyldy.
