Ožie öňe saýlandy

Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 12-nji ýaryşy Ispaniýada geçirildi. 18 tapgyrly 331,58 kilometrlik ýaryşy 3 sagat 12 minut 8 sekuntda tamamlan “Citroen Total Abu Dabi” toparynyň fransuz piloty, Dünýä Ralli çempionatlarynyň ägirdi Sebastian Lýob ýeňiji boldy.

Bu onuň karýerasyndaky 79-njy ýeňşi diýlip, hasaba alyndy. 9 çempionlygy bolan 44 ýaşyndaky pilot 2013-nji ýyldan soňky ilkinji ýeňşini gazandy. “M-Sport Ford” toparynyň fransuz sürüjisi Sebastian Ožie watandaşy Lýobdan 2,9 sekunt yza galyp, 2-nji ýeri eýeledi. Ýaryşda ýeňijiden 16 sekunt soň pellehana gelen “M-Sport Ford” toparynyň britan sürüjisi Elfin Ewans 3-nji orna mynasyp boldy. Şeýlelikde, möwsümiň tamamlanmagyna 1 ýaryş galanda, soňky 5 ýylyň çempiony Sebastian Ožie utugyny 204-e ýetirip, sanawda 1-nji basgançaga beýgeldi.

Ondan 4 utugy kem belgiýaly Tierri Noýwill (“Hyundai Shell Mobis”) 2-nji orunda barýar.Möwsümiň jemleýji rallisi, çempiony kesgitlejek ýaryşy 1518-nji noýabr aralygynda Awstraliýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Birinji orna çykaran ýeňiş
2-nji ýeri eýelese-de, çempionlyk gazandy
Çempionyň ýeňşi
Lappiniň ilkinji ýeňşi
Noýwill öňe saýlandy
Ožie 6-njy gezek ýeňiji boldy