Birinji orna çykaran ýeňiş

Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 3-nji ýaryşy Meksikada geçirildi. Ýurduň Leon şäherinde geçirilen ýaryşda “Toyota Gazoo Racing” toparynyň fransiýaly sürüjisi Sebastian Ožie ýeňiji boldy.Ol 324,85 kilometr aralygy 2 sagat 27 minut 47,6 sekuntda tamamlap, karýerasyndaky 48-nji ýeňşini gazandy.

Bu onuň Meksikadaky 6-njy birinjiligi bolup, ol atdaşy Sebastian Lýobuň rekordyna şärik boldy.Bäsleşikde Ožieden 27,8 sekunt yza galan estoniýaly Ott Tanak (“Hyundai Shell Mobis”) 2-nji, 37,9 sekunt soň pellehanadan geçen finlýandiýaly Teemu Suninen (“M-Sport Ford”) 3-nji ýeri eýeledi.Geçirilen 3-nji ýaryşdan soň, utugyny 62-ä ýetiren Sebastian Ožie 1-nji orna beýgeldi. 2-nji basgançakdaky Elfin Ewansyň 54, 3-nji ýerdäki Tierri Noýwilliň 42 utugy bar.

Möwsümiň nobatdaky ýaryşynyň maý aýynda Portugaliýada geçirilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Ožie öňe saýlandy
2-nji ýeri eýelese-de, çempionlyk gazandy
“Toyotalylara” taý tapylmady
Ožieniň 7-nji çempionlygy
Lappiniň ilkinji ýeňşi
Çempionyň ýeňşi