“Toyotalylara” taý tapylmady

Dünýä Ralli ýaryşynyň möwsümdäki 6-njy bäsleşigi Keniýada geçirildi.Paýtagt Naýrobide geçirilen 19 aýlawlyk ýaryşy 3 sagat 40 minut 24 sekuntda tamamlan “Toyota Gazoo” toparynyň fin sürüjisi Kalle Rowanpare ýeňiş gazandy.

Bu onuň şu möwsümdäki 4-nji ýeňşidir. Ýeňijiden 52 sekunt yza galan britaniýaly topardaşy Elfin Ewans 2-nji ýeri eýeledi. “Toyota Gazoo” toparynyň başga bir sürüjisi Takamoto Katsuta ýeňijiden 1 minut 42 sekunt az netije görkezip, ýaryşy 3-nji orunda tamamlady. Şeýlelikde, ýeňiş münberiniň 3 basgançagyna-da “Toyota Gazoo” toparynyň sürüjileri çykdy.

Hatda 4-nji ýeri-de “Toyota Gazoo” toparynyň sürüjisi eýeläp, WRC-niň iň meşhur sürüjilerinden fransiýaly Sebastian Ožie öňdäki 3 topardaşyndan soň pellehana gelmegi başardy.

Tamamlanan 6 ýaryşdan soň Rowanpare 145 utuk bilen öňde barýar. “Hyundai Shell Mobis” toparynyň sürüjileri belgiýaly Tierri Noýwill 80, estoniýaly Ott Tanak 62 utuk bilen 2-3-nji ýerleri eýeleýär. Möwsümiň 7-nji ýaryşy 14-17-nji iýulda Estoniýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Birinji orna çykaran ýeňiş
Ožieniň 7-nji çempionlygy
Birinji orna çykaran ýeňiş
Belgiýada belgiýaly sürüji ýeňiş gazandy
2-nji ýeri eýelese-de, çempionlyk gazandy
“Toyotalylara” Ýaponiýada taý tapylmady