Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlap döredijilik duşuşygy

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlap döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda 2024-nji ýyly Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli döredijilik duşuşygyny geçirdi.Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyň eýeleri, ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan gelen zehinli çagalar, şeýle-de Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebiniň okuwçylary hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň, Diýarymyzyň dürli künjeginde ýokary derejede uly dabaralara beslenjekdigi, hut şol mynasybetli täze gadam basan 2024-nji ýylymyza Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýen mynasyp adynyň berilmegi barada buýsançly gürrüňler edildi.

Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan sergi dabara gatnaşan çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.Duşuşyga Aşgabat teleýaýlymynyň Bagtyýar çagalar gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda halkymyzyň eşretli, asuda, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda ýanwar aýynyň medeni maksatnamasynda nähili çäreler göz öňünde tutulýar?
Türkmenistanyň Prezidenti Döwletliler köşgüniň çagalaryna Täze ýyl sowgatlaryny iberdi
Döwletliler köşgüniň çagalaryna Prezidentiň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy