Pähimler we nakyllar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde kitaphanaçylar türkmen nakyllarynyň käbirlerine düşündiriş berdiler.Türkmen halk nakyllary- asyrlaryň dowamynda pederlerimiziň durmuş tejribesinden, pähim-paýhasyndan dörän gysga we çuňňur manyly durnukly söz düzümleridir.

Olar geljekki nesilleri terbiýelemekde, olara durmuş ýoluny görkezmekde we halkyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedir.Türkmen nakyllarynyň iň baý ýygyndysy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” kitabynda jemlenendir.

Bu nakyllar dürli ugurlar boýunça bolup, ösüp gelýän ýaş neslimizi terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr.Ine şular dogrusynda çykyş edenler söhbet etdiler.Maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Iýul aýynda Türkmenistan awikompaniýasy Moskwa bilen dowamly howa gatnawyny dikelder, Medeniýet hepdeliginiň dowamynda Türkmenfilm täze filmini görkezer, Türkmenistanyň pasporty dünýä sanawynda saýlama 100-lige girdi, we beýleki habarlar
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
“Paýhas çeşmesi” kitapdan
Paýhaslar
Paýhas merkezi işewürlige täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga we önümçilikdäki tehniki meseleleri çözmäge ýardam edýär