Pälwansyň sen, edermensiň sen, alabaýym!

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halk rowaýatlarynda alabaý ýeňşe, güýç-kuwwata hem-de

hoşniýetli ruhy güýje bolan üýtgewsiz erk-islegi alamatlandyrýar. Alabaýyň 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi nyşany hökmünde saýlanylmagy hem tötänden däldir.

7-nji maýda “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, türkmen alabaýlarynyň tohumynyň seçgisi boýunça işleri giňeltmek, alabaýlaryň bu özboluşly tohumyny aýawly saklamak we köpeltmek, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen döredilen birleşigiň öňünde durýan wezipeler girizildi.

Soňra Änew şäherinde Weterinar bejerişhanasynyň we öý haýwanlary saklanýan toplumyň açylyş dabarasy boldy. Bu desgalar hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen guruldy.

Mälim bolşy ýaly, 1-nji maýda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde maslahat geçirilip, onda “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň tertipnamasy tassyklanyldy, onuň ýolbaşçysy saýlanyldy hem-de gözegçilik-derňew topary döredildi.

Şu günki mejlise gatnaşyjylar käbir ministrlikleriň we pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň, kinolog klublarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hususy itşynaslar we beýleki hünärmenler däp-dessurlara wepalylygyň hem-de mirasa hormatyň özboluşly nyşanyna öwrülen alabaýlaryň gadymy tohumyny gorap saklamak we kämilleşdirmek meselelerine berýän ünsi üçin milli Liderimize çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

“Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, alabaýlaryň türkmeniň diňe kömekçileri we ygtybarly goragçylary bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň wepaly dostlary bolandygyny belledi. Bu gün olar türkmen halkynyň medeni gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi bolup, biz ony aýawly saklap, ata-babalarymyzyň göreldesine eýerip, ösüp gelýän nesillere ýetirmelidiris.

Assosiasiýany döretmegiň maksady türkmen alabaýlarynyň tohumyny, onuň beýleki itlerden tapawutly aýratynlyklaryny aýawly saklamak we ösdürmek bolup durýar. Onuň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiziň türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de dünýä ylmynyň häzirki gazananlaryny peýdalanmak boýunça öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak wezipesi durýar.

Mejlisiň çäklerinde guramaçylyk meselelerine seredildi. “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine hususy itşynas A.Ýazmyradow saýlanyldy, şeýle hem birleşigiň jogapkär kätibi saýlanyldy. Şeýle hem guramanyň düzümine täze agzalar kabul edildi. “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça bölümleri döredildi hem-de olaryň ýolbaşçylary saýlanyldy. “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nyşany tassyklanyp, onda hemişe wepaly dost we gaýduwsyz goragçy bolan, ýanynda özüňi arkaýyn duýup bolýan alabaýyň şekili ýerleşdirildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halk rowaýatlarynda alabaý ýeňşe, güýç-kuwwata hem-de hoşniýetli ruhy güýje bolan üýtgewsiz erk-islegi alamatlandyrýar. Alabaýyň 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi nyşany hökmünde saýlanylmagy hem tötänden däldir.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy guruldy.Bu ýöriteleşdirilen toplumyň açylyş dabarasy 2019-njy ýylyň sentýabrynda Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilip, ol häzirki döwürde meşhur tohumy ösdürmek boýunça yzygiderli işleriň başyny başlady.

Bu desga ýurdumyzda ilkinji özboluşly toplum bolup, onuň döredilmegi häzirki döwürde türkmen itleriniň gymmatly genofonduny döretmäge, itşynaslygyň umumy medeniýetini ýokarlandyrmaga we onuň usulyýet üpjünçiligini artdyrmaga berilýän örän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Bir gektar meýdany eýeleýän ýöriteleşdirilen toplumyň düzüminde uly alabaýlary saklamak üçin zerur bolan şertler döredildi.Ol uly alabaýlaryň 40-syny we güjükleriň 30-syny saklamaga niýetlenendir.

ALABAÝLAR ÜÇIN

WETERINAR MERKEZI

Soňra wakalar Änew şäherinde dowam etdi.Täze weterinar merkeziniň binasy bu şäheriň bir künjeginde guruldy.Açylyş dabarasyna “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Ýygnananlaryň arasynda degişli edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, welaýatlaryň häkimleriniň orunbasarlary, ýaşlar bar.

Täze gurlan weterinar toplumyň öňündäki meýdançada sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy çykyş edip, täze desganyň açylmagynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda türkmen alabaýlaryna üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Munuň özi ýurdumyzda kinologiýa işiniň we itşynaslygyň döwrebap ulgamynyň kemala gelmeginiň ýene bir anyk mysalydyr.

“Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow toplumyň baş girelgesine barýar hem-de ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen toý bagyny kesip, täze edarany açdy.Aşgabadyň golaýynda gurlan hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky döwlet weterinar gullugynyň weterinar bejerişhanasy we öý haýwanlary saklanýan toplum öý haýwanlaryna ideg etmekde düýbünden täze görnüş bolup durýar.

Bu döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezi öý haýwanlarynyň kesellerini ýüze çykarmak we olary bejermek üçin niýetlenen öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

Şeýle hem täze toplum haýwanlara keselleriň öňüni alyş sanjymlary etmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär, munuň özi epizodik abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şonuň üçin iki gatly binanyň baş girelgesinde keselli jandarlaryň bir ýerde gabatlaşmazlygy üçin olary kabul etmekde toparlara bölmek işleri geçirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, girelgede kesellän, gabarasy uly haýwanlary, mysal üçin, daýaw alabaýlary daşamak üçin uly araba goýlupdyr.Kesellän haýwanlar bu ýerden göni hünärmenleriň ýanyna eltilýär ýa-da olaryň ýagdaýy kesgitlenen bolsa, bejeriş bölümine ugradylýar.

Deslapky gözden geçiriş bölüminde lukman indiki etmeli işleri kesgitleýär.Merkezde döwrebap enjamlarynyň we lukmançylyk tehnikalarynyň toplumy bilen enjamlaşdyrylan EKG-anyklaýyş we fizioterapiýa otaglary bar.

Weterinar merkeziniň terapiýa bölüminde zerur hyzmatlary we degişli enjamlary özünde jemleýän birnäçe otaglar guruldy.Mysal üçin, Endoskopiki barlaglar otagynda “Hager” nemes şereketiniň öndüren endoskopynyň has kämil täze nusgasy bar.

EKG we UZI barlaglar otagynda ýüregiň işleýşine gözegçilik edýän stasionar hem-de ultrases anyklaýyş enjamlardan başga-da, ykjam UZI enjamy bolup, ol lukmana haýwanyň saklanýan öýünde barlag geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bu enjam hem italýan önümçiliginiň abzallarynyň kämilleşdirilen görnüşidir.

Fizioterapiýa otagy lukman üçin zerur gurallar endoskoplar, pulsoksimetrler, otoskoplar we laringoskoplar, damarlaryň elektron simulýatory hem-de haýwanyň işjeň wagty lukmançylyk görkezijilerini almak üçin ylgaw ýodajygy, dikeldiş işlerini geçirmek, mesele döreden zolaklary işläp taýýarlamak üçin enjamlar bilen üpjün edildi.

Weterinar gözden geçiriş üçin ýörite mebeller goýlan terapewtiň otagynda stomotologik enjamy, tereziler, haýwanlary daşamak üçin araba, infuzion gurluş hem-de damjalaýyn usul bilen seretmek üçin ýer, jandarlaryň gözleriniň, gulaklarynyň ýagdaýlaryny barlamak üçin abzallar we beýlekiler göz öňünde tutuldy.

Weterinar hassahanasynyň hirurgiýa bölüminde iki sany operasiýa otagy göz öňünde tutuldy.Olaryň ikisi hem ýörite enjamlar, şol sanda laporoskopiýa bilen üpjün edilip, has çylşyrymly operasiýalary geçirmek üçin ýöriteleşdirilendir.

Bulardan başga-da, toplumyň binasynyň aşaky gatynda terapiýa we hirurgiýa bölümleri, rentgen otagy ýerleşdirildi.Olar Koreýa Respublikasynda öndürilen, analog we sanly görnüşlerde işleýän enjamlar bilen üpjün edildi. Şol görnüşleriň birinjisinde plýonka çykarýan enjam bolup, oňa negatoskopda seredilýär, ikinjisi bolsa, dürli ölçegdäki şekilleri düzmäge we olary çap etmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem şol gatda osteosintez otagy ýerleşdirilip, onda süňkleri birleşdirmek üçin gips goýmak we süňkleri ösdürmek işleri geçirilýär. Döwük-ýenjik agyr bolan ýagdaýynda, süňk böleklerini birleşdirmek üçin titan çekiji skobalar, plastinalar, ştifitler we beýlekiler ulanylýar. Bu ýerde oturdylan enjamlar işleri netijeli geçirmäge ýardam edýär.

Weterinar bejerişhana, ilkinji nobatda, itler we pişikler üçin niýetlenendir.Bu ýerde haýwanlaryň bir wagtyň özünde 10-syny kabul etmek mümkin, 8 görnüşi üçin bolsa bejeriş hyzmatlary üçin şertler bar.

Weterinar bejerişhananyň işgärleri towuk, ördek we beýleki öý jandarlara hem-de haýwanat dünýäsiniň ekzotiki görnüşleriniň wekillerine hem kömek etmäge taýýardyrlar.Oba hojalyk haýwanlaryna, şeýle hem olaryň eýeleriniň islegine görä, öýlerinde hem hyzmat edilip bilner.

Weterinar bejerişhanadan başga-da, bu ýerden uzak bolmadyk aralykda haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin toplum bina edildi.Bu bina hem “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açyldy.

Haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin toplum ýa-da olara niýetlenen myhmanhana döwlet derejesinde döredilen Türkmenistandaky şunuň ýaly edaralaryň ilkinjisidir.Toplum öý haýwanlaryny: pişikleri, itleri, guşlary we beýlekileri wagtlaýyn saklamak üçin niýetlenen toplumdyr, şeýle hem bu ýerde balyklary saklamak üçin akwarium hem göz öňünde tutulypdyr.

Binanyň arka tarapynyň howlusynda alabaýlar üçin kiçi seýilgäh hökmünde gezdirilýän oňaýly meýdança gurnalyp, olar şol ýerde arassa howada gezim edip biler. Şol meýdança haýat bilen bölünen türgenleşme meýdançasy birleşýär. Bu meýdançada haýwanlary türgenleşdirmek we eldekileşdirmek üçin niýetlenen päsgelçilikli ýerler bar.

Soňra Serdar Berdimuhamedow “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetinde ýetişdirilen arassa tohumly alabaýlary milli Liderimiziň adyndan Aşgabat şäherine hem-de welaýatlara, şeýle hem Içeri işler ministrligine we Döwlet serhet gullugyna sowgat berdi.

Bu ýerde ýurdumyzyň itşynaslarynyň adyndan hormatly Prezidentimize hoşallygyň nyşany hökmünde türkmen alabaýynyň saýlama tohumyndan bolan güjüjek sowgat berildi.

Dabaranyň barşynda belli bolşy ýaly, “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetinde ýetişdirilen bu naşyja alabaýa at dakmak haýyş edilip, milli Liderimize ýüzlenilende, türkmen alabaýynyň gaýduwsyzlygynyň, edermenliginiň hem-de eýesine wepalylygynyň belent nyşany hökmünde mähriban Arkadagymyz belent, şahyrana joşgunly döredijilik duýgulary bilen:

Pälwansyň sen, alabaýym,

Edermensiň sen, alabaýym.

Gerek bolsa gerçeksiň sen, alabaýym,

Türkmen milletiniň buýsanjysyň sen, alabaýym

diýen dürdäne setirlerini bagyşlap, oňa Pälwan diýip at goýdy. Munda eýýäm häzirden uly gaýduwsyz alabaýyň wepalylygy, geljekki güýç-kuwwaty we edermenligi görünýär.

Soňra milli Liderimiziň adyndan gaýduwsyz türkmen alabaýynyň dowamaty hökmünde nusgalyk boljak Pälwan atly bu güjüjek “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetine gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyz boýunça Halkara bitaraplyk güni mynasybetli binagärlik desgalarynyň açylyş dabaralary boldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli itşynaslygyň döwrebap düzümi döredilýär
Paýtagtymyzyň ösüş tapgyrlary
17.08.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine we durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
11.12.2017 | Ýurdumyz boýunça Halkara bitaraplyk güni mynasybetli binagärlik desgalarynyň açylyş dabaralary boldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze...