
Türkmenistan Bitarap daşary syýasat derejesiniň 25 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlanýar we şol bir wagtda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň netijelerini jemleýär, täze maksatlary öňde goýýar. Ýakyn döwür üçin anyk meýilnamalaryň esasynda gazanylan netijeler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan özgertmeleri amala aşyrmakdaky üstünlikler durýar. Şol özgertmeler Watanymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmaga we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ösüşleriň aýdyň netijeleri ýurdumyzda täze derejä çykan şähergurluşygynda ýüze çykýar.Bu bolsa, köp babatda, onuň ykdysady ýagdaýyny, maýa goýum ösüşini hem-de işewürlik ulgamyny kesgitleýär. Şunda durmuş ähmiýetli desgalaryň, ilkinji nobatda, ýaşaýyş jaýlaryň gurulmagy hem-de ýaşaýyş-durmuş düzümleriniň kämilleşdirilmegi ileri tutulýan ugur boldy we şeýle bolmagynda galýar.
Bu bolsa milli Liderimiziň yglan eden Döwlet adam üçindir!diýen şygarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de adam hakdaky aladanyň Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şunda paýtagtymyzyň tejribesi aýratyn ýüze çykýar. Ýurdumyzyň baş şäherinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy nobatdaky desgalar toplumynyň açylmagy giň gerim bilen toýlandy.
Biz okyjylara ulgamlaýyn nukdaýnazardan yzygiderli, toplumlaýyn, düýpli meýilleşdirilen we geljegi nazarlaýan maksat hökmünde soňky ýyllarda Aşgabadyň ösüşine göz aýlamagy teklip edýäris.
1. 2012-nji ýyl: Aşgabady ösdürmegiň 11-nji nobatdaky tapgyrynyň desgalarynyň ulanylmaga berilmegi
2012-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda binagärlik açylyşlary — durmuş maksatly täze desgalaryň iri toplumynyň — ýokary amatlylygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň on ýedisiniň açylmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol gün ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň işgärleriniň 1700-den gowragy jaý toýlaryny toýladylar.
10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň ugrunda gurlan täze binalar Aşgabadyň okgunly ösýän binagärlik toplumynyň desgalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.
Hemmeler bu täze, ajaýyp binalar toplumyny adamlar baradaky aladany esasy orunda goýýan we oňyn döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän milli Liderimiziň her bir adam, maşgala hakda edýän aladasynyň, türkmen halkynyň durmuş derejeleriniň ähli ulgamynda zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde kabul etdiler.
Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugry halkymyzyň abadançylygyna we bu pudaga innowasion tehnologiýalaryň — ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de dünýäniň iň oňyn tejribelerini işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Paýtagtymyzda we Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde hem-de obalarynda soňky birnäçe ýylyň dowamynda adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini ugur edinýän dürli ähmiýetli desgalaryň yzygiderli gurulmagy munuň ajaýyp tassyknamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz 11-nji nobatdaky tapgyryň desgalaryny ulanmaga bermegiň iki hepde öň ýany birnäçe döwrebap ýaşaýyş jaý toplumyny we beýleki durmuş ähmiýetli desgalary özünde jemleýän Aşgabady ösdürmegiň 12-nji nobatdakysynyň taslamalary bilen tanyşdy. Şunlukda, täze taryhy eýýamda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýurdumyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna girizilendigini bellemek gerek.
Paýtagtymyzyň täze gurluşyklar toplumynyň 11-nji tapgyryna hem bilim we mekdebe çenli ulgamyň desgalarynyň — her biri 600 okuwçy orunlyk iki sany orta mekdebiň, her biri 160 körpä niýetlenen iki sany çagalar bagynyň goşulandygyny bellemek gerek.
Iň döwrebap, şol sanda multimediýa enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bu desgalar çagalara bilim, terbiýe bermek we olaryň sazlaşykly ösmegi, mugallymlaryň hem-de terbiýeçileriň netijeli işlemegi üçin hemme şertlere we mümkinçiliklere eýedir.
Şäheriň bu künjeginde saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze desga — lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlary bilen üpjün edilen Saglyk öýi hem guruldy. Mundan başga-da, topluma ýangyna garşy göreş bölümi girdi. Onda ýangyn söndüriji ulaglaryň altysy bolup, bölüm ähli zerur bolan ýörite tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilipdir.
Paýtagtymyzyň 10 ýyl Abadançylyk şaýolunda bolan dabaralarda şol ýatdan çykmajak günde Mejlisiň Başlygy we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.
Dabara gatnaşanlaryň arasynda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler we köp sanly myhmanlar bar.
11-nji tapgyryň desgalarynyň açylyş dabaralaryň türkmen halkynyň nesilden-nesle geçirilip, aýawly saklanyp gelýän ajaýyp däp-dessurlary bilen utgaşdy. Munuň özi baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýmak bilen, milletiň öz baý medeni mirasyna, köpasyrlyk däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyryp, şol ajaýyp dessurlaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýändigini äşgär etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulular bilen söhbetdeşliginde adamlaryň durmuşynyň ýokary derejesini we hilini üpjün etmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipesidigini belledi.
Bu maksatlar, mälim bolşy ýaly, toplumlaýyn özgertmeler meýilnamalarynyň binýadyny düzmek bilen, häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap aldy hem-de ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini, onuň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyny we ösdürilmegini şertlendirýär, bu bolsa, öz gezeginde, durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan maksatnamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň ugrunda bina edilen hem-de 2012-nji ýylda ulanylmaga berlen ak mermerli belent ýaşaýyş jaýlarynyň toplumy munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu ýerde otaglaryň oňaýly ýerleşdirilmegi, zerur durmuş tehnikalary bilen üpjün edilmegi bilen birlikde, ýaşamak üçin ähli şertler döredildi.
Ýoluň şu böleginiň hem-de onuň ýanýodalarynyň durkunyň doly täzelenendigini bellemek gerek. Şonda bu ýerde ähli zerur bolan düzüm, şol sanda ýerasty pyýada geçelgeleri, jemgyýetçilik ulagy üçin duralgalar, şeýle hem degişli häzirki zaman tehniki serişdeler bilen üpjün edilen yşyklandyryş ulgamy, ýol hereket howpsuzlygyny sazlaýan yşyklar we beýleki elektron maglumat tablolary döwrebap derejede üpjün edildi.
10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň ugrunda bina edilen belent arkanyň öňündäki meýdançada Dokmaçylar folklor-etnografik topary aýdym-sazly çykyşlaryny görkezeninden soň, jaý toýlarynda bolşy ýaly, myhmanlara däp boýunça toý pişmesi hödür edildi.
Merkezi bankyň buýurmasy esasynda gurlan 104 öýli, 12 gatly täze ýaşaýyş jaýynyň öňünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dabara gatnaşyjylar we täze jaý almak miýesser eden maşgalalar mähirli garşyladylar.Olar üçin bu gün ýatdan çykmajak waka bolup, hakydalarynda galdy.
Bu ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy mynasybetli dabara meşhur Serdara serpaý döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde halkymyzyň jaý toýuny toýlamak bilen baglanyşykly dessurlarynyň sahnalaşdyrylmagy bilen utgaşdy.
Hormatly Prezidentimiz indiki desga tarap ugrady. Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň buýurmasy esasynda gurlan 12 gatly belent, ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklary özünde jemleýän 104 öý ýerleşdirildi.
Binanyň öňündäki meýdançada türkmeniň iň bir şowhunly toýy bolan durmuş toýuna mahsus dessurlar ýaýbaňlandyryldy. Asylly däp boýunça, toý dessury tamamlanandan soň, ýaş çatynjalar döwlet Baştutanymyza häzirki döwürde şular ýaly ajaýyp jaýlarda ýaşamaga mümkinçiligi bolan ýaş maşgalalaryň abadançylygy hakynda yzygiderli alada edýändigi we dabara gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan ak mermerli, 12 gatly ýaşaýyş jaýyna tarap ugrady.
Jaýyň öňündäki meýdançada özboluşly däp bolan Düýä mündüriş dessury ýerine ýetirildi. Onda öý eýesiniň iň uluja agtygyny düýä mündürýärler. Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri düýe türkmen üçin abadançylygyň we bolçulygyň alamaty bolupdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze jaýlar bilen tanyşlygyny dowam etdi. Täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň hatarynda Türkmenhowaýollary döwlet milli gullugynyň buýurmasy esasynda gurlan 12 gatly beýik bina bar.
Täze binanyň açylyş dabarasy sünnet toýy baýramçylyk dessuryna utgaşyp gidýär. Asylly däbe görä, bu dessur mynasybetli, baýramçylyk tagamlary taýýarlanylýar, oglanjyga bolsa dürli sowgatlar gowşurylýar. Bu dabara belli bagşylar çagyrylýar we gyzykly oýunlar guralýar.
Onuň ýanynda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 12 gatly ýaşaýyş jaýy bina edilipdir. Binanyň öňündäki meýdançada ulag toýunyň dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Bu dessur biziň ýurdumyzda täze ulag edinen öýde dabaralandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz ugrunda täze ak mermerli binalar toplumy emele gelen şaýol bilen ýoluny dowam etdi.
Demir ýol ulaglary ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan 104 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýyň öňünde halkymyzyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän däpleriniň biri bolan galpak toýy dessury görkezildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şaýoluň ugry boýunça ýoluny dowam edip, indiki desga — Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan 12 gatly belent ak mermerli binanyň ýanyna geldi.
Täze binanyň öňünde türkmeniň ajaýyp toý däpleriniň biri bolan guşak çözdi dessury sahnalaşdyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky belent jaýa tarap ugrady. Bu bina Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy esasynda guruldy. Bu ýerde ähli amatlyklary özünde jemleýän öýleriň 104-sinde ulgamyň işgärleri jaý toýlaryny tutdular.
Täze desganyň öňündäki meýdançada baş salmak dessury görkezildi. Onda gelen gelniň başyndaky gyz tahýasy aýrylyp, oňa gelin gyňajy daňylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň barýan ýolunyň ugrundaky nobatdaky desga Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy esasynda gurlan ak mermerli owadan ýaşaýyş jaýydyr. Bu ýerde durmuşa çykýan gyzy palasa mündürmek däbini görkezýän sahnalaşdyrylan çykyş ýaýbaňlandyryldy.
Şol wagtda bu jaýyň gapdalyndaky Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda gurlan binanyň ýanynda bagşy-sazandalar ussatlyk bilen halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy esasynda gurlan ak mermerli, belent binanyň öňünde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Ähli amatlyklary özünde jemleýän 84 öýli täze binanyň ýanynda milli senetkärçiligiň we amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Türkmen milli oýunlary we sport bäsleşikleri toý dabarasyna ajaýyp öwüşginleri çaýdy.
Şaýoluň ugrunda gurlan täze jaýlaryň hatarynda Türkmennebitgazgurluşyk döwlet konserniniň buýurmasy esasynda gurlan ak mermerli belent gatly binalar bar.
Olaryň biriniň öňünde dessançy bagşy öz sungatyny görkezdi. Ikinji jaýyň ýanynda bolsa ynsanyň pygamber ýaşyna (63 ýaş) baranynda tutýan toýy görkezildi. Bu dessur türkmen ilinde giňden ýaýran Akgoýun toýy diýlip atlandyrylýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhameow Goranmak ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan belent jaýa tarap bardy. Bu ýerde çaganyň ilkinji dişiniň çykmagy mynasybetli baýramçylyk ýaýbaňlandyryldy.
10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň ugrunda bina edilen desgalaryň hatarynda täze üç gatly Saglyk öýi hem bar. Bu lukmançylyk edarasy milli Liderimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meselesine yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bu ýerde ilata halkara ülňülere laýyk gelýän derejede lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler döredilipdir. Saglyk öýünde maşgala saglygy goraýşy ulgamynyň üç bölümi, şeýle hem hirurgiýa, diş bejeriş, çäkli lukmançylyk ugry, keselleri anyklaýyş, zenanlara maslahat beriş, fizioterapiýa, bedenterbiýe-sagaldyş, dikeldiş-bejeriş bölümleri ýerleşdirilipdir.
Maşgala lukmanlarynyň otaglaryndan başlap, bölümleriň hemmesi, şeýle hem barlaghanalar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bedenterbiýe-bejeriş bölüminde sport trenažýorlary we degişli gurallar oturdylypdyr.
Suw we palçyk bilen bejeriş otagynda daýanç-hereket ediş we nerw ulgamlaryny bejermek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Fizioterapiýa bölümi ýörite enjamlar we iň häzirki zaman abzallar bilen üpjün edilipdir.
Bu ýerdäki fito-barda diňe bir türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan içgiler hödür edilmän, eýsem, degişli maglumatlar hem berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň fitoterapiýanyň ajaýyp ensiklopediýasy we türkmen lukmanlarynyň ýan kitaby bolan Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly düýpli ylmy işinde öňe sürülýän lukmançylyk ýörelgeleri bu bölümde hödürlenýän hyzmatlaryň esasyny düzýär.
Çäkli lukmançylyk ugry bölüminde näsaglary kämil hünärli oftalmologlar, otorinolaringologlar, newropatologlar, hirurglar, endokrinologlar, kardiologlar, allergologlar, urologlar, logopedler, trawmotolog-ortopedler we beýleki hünärmenler hassalary kabul edýärler.
Binanyň hirurgiýa we diş bejeriji bölümlerinde täze, ýörite enjamlar oturdyldy. Zenanlara maslahat beriş otagynda birnäçe beýleki ugurdaş otaglar, şol sanda Sagdyn maşgala otagy hereket edýär.
Maslahat beriş-anyklaýyş bölüminde kompýuter reowazograf, elektroensefalograf, süňk densitometri, rentgen we flýuorografiýa enjamy, elektrokardiograf, UZI, bronhoskop, fibrogastroduodenoskop we beýleki häzirki zaman lukmançylyk enjamlary näsaglary ýokary derejede barlamaga mümkinçilik berýär.
Tiz kömek bölüminde gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde häzirki zaman enjamlary, şeýle hem lukmançylyk serişdeleriniň zerur görnüşleri bilen üpjün edilen täze, ýöriteleşdirilen ulaglar lukmanlaryň ygtyýaryndadyr.
Şol gün ak mermerli, 84 öýli ýaşaýyş jaýynda Daşary işler ministrliginiň işgärleri jaý toýuny tutdular. Bu ýerde dürli dillerde ýaňlanan aýdym-sazlar bilen utgaşyklykda milli Küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatynyň özboluşly beýanydyr.
12 gatly ajaýyp ýaşaýyş jaýynda şol gün Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary hem jaý toýlaryny tutdular. Bu täze binanyň öňündäki meýdançada Akgoýun toýy bilen baglanyşykly däpler ýaýbaňlandyryldy.
Şeýlelikde, 2012-nji ýylyň 29-njy iýunynda geçirilen Aşgabady ösdürmegiň 11-nji nobatdaky tapgyrynyň özboluşly milli däpleriň öwüşgin çaýmagynda geçirilen gurluşyk-binagärlik açylyş dabaralarynyň ägirt uly toýy parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň täze taryhyna ýene-de bir aýdyň sahypany ýazdy.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/12668?type=feed