Pagta borçnamasyny ýerine ýetiren kärendeçiler ýyllyk girdejileriniň ujypsyz bolandygyny aýdýarlar

Pagta borçnamasyny ýerine ýetiren kärendeçiler ýyllyk girdejileriniň ujypsyz bolandygyny aýdýarlar

Pagta ýygym möwsüminiň ahyrky günlerinde, kärendeçiler 2023-nji ýylyň hasylyndan alan ýyllyk girdejileriniň ujypsyz bolandygyny aýdýarlar. Şu günler Balkan welaýatynyň Bereket we Gyzylarbat etraplarynda “ujypsyz möçberlerde” ýyllyk girdejilerini kabul edýän kärendeçiler pagta hasylynyň düşewüntliligini sorag astyna alýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

Döwlet plan borçnamasynyň hötdesinden gelmegi başaran daýhanlar pagta hasylynyň ýyllyk girdejilerinden uly möçberlerde tutumlaryň tutulýandygyny aýdýarlar.

“Oba hyzmat tehnikalary, mineral dökünler, Kärdeşler arkalaşygy, Aýallar guramasy, pensiýa gaznasy, agronom maslahaty diýen ýaly tutumlar ýyllyk gazanjymyzyň tas 80 göteriminiň tutulmagyna getirdi” diýip, ýaňy-ýakynda ýyllyk girdejisini kabul eden 45 ýaşly bir kärendeçi zenan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol agronom maslahaty, pensiýa gaznasy ýaly tutumlaryň täze girizilendigini aýdýar.

Balkanly daýhan özüniň kärendesine alan 10 gektarlyk gowaça meýdanyndan 18 tonnadan gowrak pagta hasylyny döwlete tabşyrandygyny aýdýar. Ol 18 tonna pagtadan 3800 manat möçberinde ýyllyk girdejisini kabul edendigini aýdýar.

Türkmenistanda pagtaçy daýhanlar şertnama esasynda döwletden kärendesine alan ekin meýdanlarynda gowaça ösdürip ýetişdirýärler we onuň hasylyny döwletiň kesgitlän bahasyndan döwlete satmaga borçlanýarlar. Öz gezeginde, degişli döwlet edaralary ekerançylyk döwründe daýhanlary ýeňillikli mineral dökünleri, oba hojalyk tehnikalary we beýleki käbir hyzmatlar bilen üpjün etmäge borçlanýar.

Balkanly kärendeçiler ýeňillikli hyzmatlaryň, şol sanda oba hojalyk tehnikalarynyň we mineral dökünleriniň öz wagtynda päsgelçiliksiz üpjün edilmeýändigini aýdýarlar.

“Döwletiň harmanyna 18-20 tonna pagta hasylyny tabşyryp, 4 müň manat ýyllyk girdeji almak agyr degýär. Biz näme diýjegimizi bilemizok!” diýip, beýleki bir daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Yssy howa şertlerinde, şeýle-de, suw, dökün we tehnika ýetmezçiliginiň arasynda gowaça ösdürip, pagta hasylyny ýygnaýan kärendeçiler özleriniň “daban azabyna” mynasyp baha berilmeýändigini aýdýarlar.

“Döwletiň ujypsyz tölegleri daýhanlaryň elini işden sowadýar” diýip, beýleki bir daýhan Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen metbugatyna görä, şu wagta çenli diňe Balkan welaýaty döwlet plan borçnamasyny doly ýerine ýetirdi. Tutuş welaýat boýunça 16 müň tonnadan gowrak pagta hasyly harmana tabşyrylypdyr.

Türkmenistan şu ýyl 1 million 250 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny ýygnap almagy meýilleşdirdi.

Ýurtda 2018-nji ýylda pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy. Nyrhlar pagtanyň hiline we döwlete tabşyrylan döwrüne laýyklykda üýtgeýär.

Soňky bahalara görä, döwlet bir tonna nah pagta üçin daýhana, hasylynyň ýygnalan wagtyna görä, 1355 1500 manat aralygynda töleg töleýär. Pagtanyň nyrhy hasyl harmana näçe ir tabşyrylsa şonça ýokary bolýar. Bir tonna ýüpek pagtasynyň satyn alyş nyrhy 1820 2000 manat aralygynda üýtgeýär. Nah we ýüpek pagtanyň iň ýokary satyn alyş nyrhlary degişlilikde 1500 we 2000 manada barabardyr.

Ýöne Balkan welaýatynda 18 tonna pagtadan 3800 manat möçberinde ýyllyk girdejisini kabul eden daýhanyň gazanjy pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň tutumlary öz içine almaýandygyna yşarat edýär.

Türkmen metbugatyna görä, döwlet ýolbaşçylary pagtanyň we bugdaýyň satyn alyş nyrhlaryny ýene bir gezek ýokarlandyrmagy teklip edýärler.

“Gowaça hasylyndan bir ýylyň dowamynda gazanan girdejim 2 ýüz dollara ýetmeýär” diýip, kärendeçiler nägilelik bildirýär.

Türkmenistanyň hökümeti pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda yzygiderli tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada Tebigy Gazyň Nyrhy 7,5 Göterim Gymmatlady
Russiýada demir ýol ýük daşamalary üçin nyrhnamalar 8% ýokarlandy
“Patriot Raketa Ulgamy Çaknyşyklaryň Uzamagyna Sebäp Bolar”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Nýu-Ýork dünýäde iň gymmat paýtagt diýlip ykrar edildi
Baýramçylygyň öň ýanynda dollar we harytlar arzanlaýar