Pakistan Russiýadan taryhda ilkinji gezek nebit satyn aldy

Pakistan Russiýadan taryhda ilkinji gezek nebit satyn aldy

Russiýadan ýüklenen çig nebitiň ilkinji tapgyry Pakistanyň Karaçi deňiz portuna geldi, bu barada ýurduň Premýer-ministri Şehbaz Şarif habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Premýer-ministr özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýerleşdiren habarynda: Men halkyma beren ýene bir wadamy ýerine ýetirdim. Arzan bahadan satyn alnan rus çig nebitiniň ilkinji tapgyrynyň Karaçä gelendigini, ertir onuň düşürilip başlanjakdygyny aýtmaga şatdyryn diýip, ýazdy. Şehbaz Şarif şeýle-de Pakistana gelen taryhda ilkinji rus ýüküniň Yslamabat bilen Moskwanyň arasynda gatnaşyklaryň täze döwrüni alamatlandyrýandygyny nygtady.

Pakistanyň nebit ministri Musadik Malik Karaçä gelen rus nebiti üçin ýuanda hasaplaşylandygyny habar berdi diýip, Reuters ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi Pakistanyň nebit ministrini Türkmenistana sapara çagyrdy
Maldarçylyk ýurdunda 'et elýetmezligi' ýokarlanýar - hünärmen
Röwşen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli 10% arzanladyş yglan edýär
Hermitage Home Interiors öňdebaryjy brendleriň ýokary hilli harytlaryna arzanladyş yglan edýär
Şu gün Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylar
Türkmenistan awiakompaniýasy Abu-Dabi şäherine uçuşyň petegine 50% arzanlaşyk yglan etdi