Türkmen ilçisi Pakistanyň nebit ministrini Türkmenistana sapara çagyrdy

Türkmen ilçisi Pakistanyň nebit ministrini Türkmenistana sapara çagyrdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow penşenbe güni Yslamabat şäherinde Pakistanyň nebit ministri doktor Musaddik Malik bilen duşuşdy we oňa Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy gowşurdy.

Pakistanyň Maglumat ministrliginiň habar bermegine görä, ministr türkmen tarapynyň çakylygyny hoşallyk bilen kabul etdi.

Duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň geljegine, hususan-da, möhüm strategik ähmiýetli TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişine garaldy. Doktor Malik Pakistanyň energiýa üpjünçilik meselesini çözmäge gönükdirilen bu giň gerimli taslamany ilerletmekde Türkmenistanyň yzygiderli oňyn garaýşyna hoşallyk bildirdi.

Ilçi Möwlamow öz gezeginde, Premýer-ministr Şahbaz Şarifiň baştutanlygynda Pakistan döwletiniň ýeten ykdysady üstünliklerine ýokary baha berip, ýurduň halkara maýadarlar üçin özüne çekijiliginiň barha artýandygyny belledi.

2010-njy ýylda işjeň tapgyra gadam basan TOPH taslamasy sebitiň durnukly energiýa üpjünçiligi üçin Türkmenistandan Owganystanyň çäginiň üsti bilen Pakistana we Hindistana gaz geçirijiniň gurulmagyny göz öňünde tutýar.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýatynyň telekeçileri eksporty $200 milliona çenli artdyrmagy meýilleşdirýärler
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
Russiýanyň “Inžiniring Serwis-Putmaş” kompaniýasy Türkmenistanda bilelikdäki kärhanany döretmekçi
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Döwletjan Ýagşymyradow orta agramda “PFL-niň” çempiony boldy