Lebap welaýatynyň telekeçileri eksporty $200 milliona çenli artdyrmagy meýilleşdirýärler

Lebap welaýatynyň telekeçileri eksporty $200 milliona çenli artdyrmagy meýilleşdirýärler

Lebap welaýatynyň telekeçileri şu ýyl eksportyň möçberini 200 million amerikan dollaryna ýetirmegi öz öňlerinde maksat edip goýýarlar. Geçen ýyl bu görkeziji 135 million amerikan dollaryna deň bolupdy. Täze maksada ýetmek üçin hususy kärhanalary we telekeçileri goldamak boýunça goşmaça çäreler göz öňünde tutulýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň şenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Munuň netijesinde welaýatyň dürli etraplarynda ýerleşýän “Altyn bürgüt”, “Mizemez gadam”, “Türkmen ýyldyzy” we “Altyn saraý” ýaly kärhanalar ýokary depginde ösmek bilen eksport möçberleriniň artmagyna uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda welaýatda daşarky bazarlaryň talaplaryna doly laýyk gelýän gurluşyk serişdelerini we azyk önümlerini öndürýän 16 sany hsususy kärhana hereket edýär.

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýerli himiýa zawody bilen hyzmatdaşlykda senagatda ulanylýan suwuk garyndylaryň önümçiligine başlan “Çelek” hususy kärhanasynyň işe girizilmegini täze taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar. Onuň ilkinji önümleri Hytaýa iberildi. “Kökçi” hojalyk jemgyýeti akkumulýator batareýalaryň önümçiligini ýola goýup, olary daşary ýurtlara üstünlikli eksport edýär.

Özbegistan, Owganystan, Türkiýe, Hytaý, BAE, Gazagystan we Azerbaýjan ýaly ýurtlaryň telekeçileri Lebap welaýatynyň daşary ýurtlardaky esasy hyzmatdaşlary bolup, olar bilen hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Ýanwarnoýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçdi
Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny maslahatlaşdylar
Aşgabatda hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler
Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi guralar
“Arkadag” AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 bäsleşiginiň 1/16 final tapgyryna çykdy