Russiýanyň “Inžiniring Serwis-Putmaş” kompaniýasy Türkmenistanda bilelikdäki kärhanany döretmekçi

Russiýanyň “Inžiniring Serwis-Putmaş” kompaniýasy Türkmenistanda bilelikdäki kärhanany döretmekçi

Russiýanyň demir ýol düzümlerine hyzmat etmäge ýöriteleşen “Inžiniring Serwis-Putmaş” kompaniýasy Türkmenistanda bilelikdäki kärhanany açmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Ýegor Lukýanow mälim etdi diýip, “RŽD-Partner.ru” habarlar agentligi sişenbe güni habar berdi.

“Biz Türkmenistandaky sergä ilkinji gezek gatnaşýarys we bilelikdäki kärhanany döretmek ýaly uzakmöhletleýin hyzmatdaşygy ösdürjekdigimize umyt bildirýäris” diýip, Ý.Lukýanow 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly maslahatyň çäklerinde aýtdy.

Onuň bellemegine görä, kompaniýa Türkmenistana demir ýol düzümlerine hyzmat etmek, şol sanda ýol tehnikalaryny abatlamak we döwrebaplaşdyrmak babatda hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär. “Biz eýýäm gepleşikleri geçirdik. Biz bu ýerdäki ýol tehnikalary göz öňünde tutup, olara zerur hyzmatlaryň toplumyny hödürlemäge taýýardyrys” diýip, ol aýtdy.

Ý.Lukýanow ýakyn wagtda kompaniýanyň Türkmenistanda wekilhanasyny açjakdygyny, munuň üçin ýerli bazary has-da ösdürmegiň meýilnamasynyň işlenilip taýýarlanylandygyny mälim etdi.

Mundan öň, Russiýanyň “RŽD-Medisina” saglygy goraýyş tory Türkmenistandaky otly düzümleriň binýadynda hereket edýän lukmançylyk toplumyny işläp taýýarlamaga we gurmaga taýýardygyny aýtdy.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BSG-ä goşulmaga taýýarlyk görýär
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Döwletjan Ýagşymyradow orta agramda “PFL-niň” çempiony boldy
Lebap welaýatynyň telekeçileri eksporty $200 milliona çenli artdyrmagy meýilleşdirýärler
Aşgabatda Türkmenistan “Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi
Türkmenistanda Täze ýylyň öňüsyrasynda 850 sany göçme söwda nokady açylar
Türkmenistan “Merkezi Aziýa Hytaý” DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy