Döwletjan Ýagşymyradow orta agramda “PFL-niň” çempiony boldy

Döwletjan Ýagşymyradow orta agramda “PFL-niň” çempiony boldy

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow orta agramda “PFL-niň” nobatdaky ýaryş möhsüminiň final tutluşygynda ýeňiş gazanyp, “PFL-niň” Baş baýragynyň çempiony boldy. Tutluşyk 29-njy noýabrdan 30-na geçilen gije Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirildi.

Aýgytlaýjy duşuşykda D.Ýagşymyradow amerikaly Impa Kasangana bilen duşuşyp, ynamly ýeňiş gazandy.

Ýaryşyň finalynda sylag hökmünde diňe bir çempionlyk ady däl, eýsem, 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy goýuldy. Türkmenistanly söweşiji ajaýyp söweş emelleri bilen tutluşygyň tutuş wagtyny öz peýdasyna ynamly alyp bardy. Şeýle ähmiýetli ýaryşda gazanylan ýeňiş onuň sporta bagyşlan ömründe möhüm waka boldy.

35 ýaşly D.Ýagşymyradow üçin bu ýeňiş eýýäm ikinji gezek yzly-yzyna gazanylan üstünlik boldy. 2024-nji ýylyň awgustynda geçiren soňky tutluşygynda Rob Uilkinsondan üstün çykan bolsa, häzir ol “PFL-niň” çempiony diýen ada eýe boldy. Bu üstünlik onuň garyşyk söweş sungatynda dünýädäki abraýyny has-da berkidýär.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Ýanwarnoýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçdi
Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny maslahatlaşdylar
Aşgabatda hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler
Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi guralar