Türkiýäniň söwda ministri Aşgabada sapar bilen geler

Türkiýäniň söwda ministri Aşgabada sapar bilen geler

Türkiýäniň söwda ministri Omer Bolatyň dekabr aýynyň başynda Türkmenistana sapary bolar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

O.Bolatyň 2024-nji ýylyň 4 6-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek türk kompaniýalarynyň 11-nji ýöriteleşdirilen sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna we sergä gatnaşyjylaryň diwarlyklaryna aýlanyp görmegine garaşylýar.

Türkmenistana saparynyň çäklerinde, onuň şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hökümetiň söwda toplumy we dokma senagaty boýunça wise-premýeriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişine görä, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisinde dürli ulgamlardaky önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrýan 70-den gowrak türk kompaniýalary we birleşmeleri gatnaşarlar.

Sergi Türkmenistanyň bazarynda türk önümlerini ilerletmäge we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmen kompaniýalary türkiýeli önüm öndürijileriň harytlary bilen tanyşmaga we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrylýar.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) bilelikde guramagynda Türkmenistan-Türkiýe işewürlik geňeşiniň mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Ýanwarnoýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçdi
Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny maslahatlaşdylar
Aşgabatda hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler
Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi guralar