Pakistan Türkiyäniň Yslamabad-Kabul wagtlaýyn ýaraşygyndaky "konstruktiw roluny" öwdi

Pakistan Türkiyäniň Yslamabad-Kabul wagtlaýyn ýaraşygyndaky "konstruktiw roluny" öwdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif iki taraplaýyn gatnaşyklar, sebitleýin we global meseleler, şeýle hem Owganystandaky soňky ýagdaý barada pikir alyşdylar.

Şerif penşenbe güni Prezident Erdogan bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşligi barada X platformasyndan beren beýanatynda: "Türkiyäniň Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky parahatçylyk tagallalaryna, esasanam Gurban baýramynda gazanylan wagtlaýyn ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyga goşan goşandyna ýokary baha berýärin" diýip belledi.

Şerif: "Biz Owganystandaky ýagdaýy hem ara alyp maslahatlaşdyk" diýdi

Şerif iki lideriň "Ýakyn Gündogardaky çalt depginler bilen özgerýän ýagdaýy" hem ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

“Dost we doganlyk ýurdumyz Türkiyä we sebitdäki beýleki doganlyk ýurtlara garşy hüjümleri berk ýazgarýaryn” diýip aýdan Şerif, Pakistanyň Türkiye we Pars aýlagyndaky beýleki doganlyk ýurtlara raýdaşlyk bildirýändigini belläp, dartgynlylygy gowşatmak üçin tagallalary goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Parahatçylyga gönükdirilen tagallalar

Prezident Erdogan bolsa öz gezeginde Türkiyäniň sebitdäki gapma-garşylyklar babatda parahatçylyk ugrundaky tagallalaryny dowam etdirýändigini we durnuklylygy we parahatçylygy üpjün etmek üçin çäreleri görmäge dowam etjekdigini aýtdy.

Erdogan Pakistanyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň Türkiye üçin möhümdigini we dowamly durnuklylyk üçin bilelikde işleşmäge dowam etjekdigini aýtdy.

Erdogan mundan başgada Yslam dininiň ilkinji kyblasy bolan Iýerusalimdäki Aksa metjidini nyşana alýan prowakasiýalaryň kabul ederliksizdigini we Yslam dünýäsiniň olara sessiz galyp bilmejekdigini hem nygtady.

Pakistan we Owganystan çarşenbe güni Türkiyäniň, Saud Arabystanynyň we Kataryň çagyryşlaryndan soň musulmanlaryň baýramyny bellemek üçin ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyny yglan etdiler.

Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklar soňky hepdelerde serhetde dartgynlylygyň artmagy bilen ýaramazlaşdy, netijede adam pidalary we maddy zyýan boldy.

Ýene degişli makalalar

Erdogan: Türkiye howa giňişliginiň düzgün bozulmalaryna garşy egilşiksiz göreşýär
Türkiye Ysraýyly baýram günlerinde Aksa metjidinde ybadat edýänlere hüjüm edendigi üçin ýazgardy
Prezident Erdogan: ABŞ-Ysraýyl hüjümi Eýrany Ýakyn Gündogaryň ýangyn halkasyna çekip biler
Fidan: Eýranda režimi üýtgetmek baradaky çagyryşlar sebitde has howply ssenariýlere elter
Erdogan: "Türkiye meseleleri parahatçylyga gönükdirilen diplomatiýa arkaly çözmäge synanyşýar”
Erdogan Eýranda we Liwanda mekdepleri we hassahanalary nyşana alýan “ganhor tory” ýazgardy