Pakistanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar

Pakistanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar

Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde iýul aýynyň 2-4-i aralygynda Türkiýede saparda bolar.

Myhman Premýer-ministr Şerifiň saparynyň çäginde ykdysadyýetden transporta, söwda gatnaşyklaryndan goranyş senagatyna çenli birnäçe ugur boýunça edilýän özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar.

Şahbaz Şerifiň saparynyň çäginde özara we toparara gepleşikleriň we Türkiýe-Pakistan işewürler maslahatynyň geçirilmegine garaşylýar.

Prezident Erdogan bilen Pakistanyň Premýer-ministri Şerif iki ýurduň arasyndaky syýasy we diplomatik gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşar.

Saparyň çäginde soňky ýyllarda esasan söwda, ykdysadyýet, goranyş senagaty we energetika pudagynyň başda durmagynda birnäçe ugurda edilýän özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň baglaşylmagyna garaşylýar.

Özara söwda mukdarynyň 5 milliard dollara ýetirilmegi maksat edinilýär

Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň mukdary geçen ýyl 1,2 million dollardan geçdi.

Şol mukdaryň 866,5 million dollaryny Türkiýäniň Pakistana eden eksporty emele getirdi.

Türkiýäniň üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýynda Pakistana eden eksporty 196,4 million dollara barabar boldy.

Importy bolsa 103,5 million dollara ýetdi. Saparyň çäginde baglaşyljak täze şertnamalar bilen özara söwda mukdarynyň 5 milliard dollara ýetirilmegi maksat edinilýär.

Beýleki tarapdan soňky görkezijilere görä türk potratçylary Pakistanda 2 milliard dollarlyk maýa goýdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Pakistanyň Goranmak we Guruýer Goşunlarynyň Serkerdesi Marşal Muniri kabul etdi
Prezident Erdogan Singapuryň Premýer-ministrini resmi dabara bilen garşylady
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali Zeýdi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiye Ysraýylyň 1915-nji ýyldaky wakalary ykrar etmek kararyny ýazgardy
Erdogan bilen Meloni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident Erdogan Kanadanyň Premýer-ministri Karni bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy