Pakistan we Eýran ilçiler barada özara ylalaşyk gazandylar

Pakistan we Eýran ilçiler barada özara ylalaşyk gazandylar

Pakistanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Daşary işler ministri Jalil Abbas Jilani bilen Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyň geçiren telefon arkaly söhbetdeşliklerinden soň, resmi Tähranyň we Yslamabadyň iki ýurduň ilçileriniň 26-njy ýanwara çenli öz wezipelerine gaýdyp gelmekleri barada özara ylalaşyk gazanandyklary habar berildi.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda Daşary işler ministri Jalil Abbas Jilaniniň çakylygyna laýyklykda Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyň 29-njy ýanwarda Pakistana sapar gurajakdygy mälim edildi.

Eýran 16-njy ýanwarda Pakistanyň territoriýasyna raketalar we howa ulaglary bilen hüjüm gurap, terrorçylykly elementlerine garşy operasiýa geçirendigini habar beripdi.

Pakistan hem gije Eýranyň serhet zolagyndaky nokatlaryň birine raketa bilen hüjüm gurap, terrorçylykly elementlere garşy operasiýa geçirendigini beýan edipdi.

Taraplar biri birleriniň hereketlerini ýazgaryp, hüjümlerde asuda ilatdan adamlaryň ölendigini, dostlukly we doganlyk ýurtlar hökmünde biri-birleriniň territorial bütewiliklerine hormat goýandyklaryny habar beripdi.

Resmi Yslamabad 17-nji ýanwarda ýurdunyň Tähran şäherindäki ilçisini yzyna çagyrmak barada karar kabul eden bolsa, sapar bilen ýurduna baran Eýranyň Yslamabad şäherindäki ilçisiniň hem belli bir möhlet yzyna gaýtman biljekdigi barada Tährana duýduryş beripdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Pakistan TOPH taslamasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak üçin gepleşikleri dowam etdirer
Türkmen diplomaty Pakistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Jo Baýdeniň 2021-nji ýylda gazanan girdejisi belli boldy
BMG Tarapyndan Idlibe Ynsanperwer Kömegi Ugradyldy
BMG Tarapyndan Idlibe Ynsanperwer Kömegi Ugradyldy
Ak Tamda 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek pişik mesgen tutdy